Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan daşary ýurt raýatlary üçin elektron wizalary girizýär

13:3418.04.2025
0
19298

Türkmenistanda «Migrasiýa hakynda» kanuna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi. Degişli perman Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekildi we 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde — resmi neşir edilenden soň güýje girdi – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Täze üýtgetmelere görä, elektron wiza (e-Visa) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumat ulgamynda elektron görnüşde resmileşdirilýän resminama hökmünde kesgitlenýär. Bu resminama daşary ýurt raýatlaryna ýurda girmäge, onuň çäklerinde bolmaga, çykmaga, şeýle hem Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr geçmäge rugsat berer.

Elektron wizany alanyňda ýurda gelmek üçin çakylyklary resmileşdirmek we bermek zerurlygynyň ýatyrylmagy möhüm täzelik boldy. Munuň ýerine bu ulgam Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna we migrasiýa gullugynyň edaralaryna awtomatiki ýagdaýda habarlary iberip durar.

Elektron wizalaryň derejeleri we görnüşleri, olary resmileşdirmegiň, bermegiň we möhletini uzaltmagyň tertibi gönüden-göni Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan belleniler. Elektron ýüztutmalaryň görnüşleri, zerur resminamalaryň sanawy we elektron wizalaryň nusgalary ýurduň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanýar.

Bu üýtgetmeler wiza bermegiň amalyny ýönekeýleşdirmek we daşary ýurt syýahatçylaryň we işewürleriniň Türkmenistana gelmegini has elýeterli etmek maksady bilen kabul edilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň