Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistana syýahat eden Türkmenistanyň raýatlarynyň sany 2,5 esse artdy

14:4312.05.2025
0
13948
Özbegistana syýahat eden Türkmenistanyň raýatlarynyň sany 2,5 esse artdy
Surat: Özbegistanyň Milli Statistika Komiteti

2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 80 müňe golaý Türkmenistanyň raýaty Özbegistana bardy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, hasabat döwründe 77,9 müň türkmenistanly goňşy ýurda syýahat edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,5 esse ýa-da 46,9 müň sany köpdür.

Ýanwar — mart aýlarynda Özbegistana baran Türkmenistanyň raýatlarynyň 54,2 müň sanysy syýahat etmek, 5 müň sanysy garyndaşlaryny görmek, 1,8 müň sanysy okuw maksatlary bilen goňşy ýurtda boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň