Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

1,5 müňe golaý türkmenistanly Taýlanda syýahat etdi

15:0107.05.2025
0
16149
1,5 müňe golaý türkmenistanly Taýlanda syýahat etdi
Surat: Ratanews.ru

Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistandan Taýlanda syýahatçylaryň akymy görnetin artdy. Bu barada Taýlandyň Syýahatçylyk müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «INTERFAX» ýazýar.

Hasabat döwründe Taýlanda 1 müň 473 sany Türkmenistanyň raýaty syýahat edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli bilen deňeşdirilende, 155 göterim köpdür.

Habarda Taýlanda GDA ýurtlaryndan barýan syýahatçylaryň depginli artýandygy bellenilýär. Hususan-da, şu ýylyň deslapky 4 aýynda Russiýanyň 880 müň raýaty, Gazagystanyň 91 müň raýaty, Özbegistanyň 26 müň raýaty, Belarus Respublikasynyň 16 müň raýaty, Azerbaýjanyň 2,7 müň raýaty hem-de Ermenistanyň 1,6 müň raýaty syýahat etmek maksady bilen Taýlanda barypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň