Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Taryhy waka buýsanç

0
2487

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory ady dakyldy. Şu gün «Imperial Tokyo» myhmanhanasynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentine akademiki derejäniň degişli diplomy gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy Gülşirin Hanowa bu taryhy waka şeýle seslendi: 

GUTLAGNAMA 

Sukuba taryhy gaýtalap ýazýar, 
Gahryman Lideriň eziz zürýady.
On ýyldan soň ýene buşlugy ýaýýar, 
Sukubaň hormatly doktory ady. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň,
Bu beýik hormaty, mertebe ile. 
Döwletli ykballar dowamat bolýar, 
Dünýä ykrar Milli Lideri bile.

Ylym ösýär, pugtalanýar binýady,
Berkeýär halklaryň dostluk daragty.
Alymlar dünýäniň gadamnyň bady,
Arkadagly Serdar türkmeniň bagty!

Nusga bu atanyň kesbin halallan,
Mekdep bu asyrlar aýdym ederler.
Biruny, Horezmi, Jamy, Haýýamy,
Galandyr tirsege alym pederler. 

Bu buşluk oguzlaň Gün dek dogmasy,
Bu buşluk seljuklaň parlaýan Tugy.
Pyragynyň ýüreginiň nagmasy,
Şükür bagşyň sazdan ýaýylýan nury.

Günüň dogýan ýurdy, myhman sarpasy,
Ylym bilen uzan ýoda ýol bolýar.
Bu gün halkyň Arkadagly Serdary,
Hormatly at bilen dolanyp gelýär! 

Hormatly adyňyz mübärek bolsun,
Tükenmesin göwher göwünleň genji.
Ykballar hoşlukdan ybarat bolsun,
Arkadagly Serdar Watan buýsanjy!

On ýyldan soň ýene buşlugy ýaýýar,
Sukubaň hormatly doktory ady.
Sukuba taryhy gaýtalap ýazýar,
Gahryman Lideriň eziz zürýady.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar