Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi

23:1317.04.2025
0
23360
Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ilçi türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşykda ilçi Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine Saud Arabystanynda ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Patyşa Salman bin Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem diplomat Türkmenistanyň Prezidentini Ýaponiýa saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ilçini mähirli mübärekläp, ýokary diplomatik wezipä bellenmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem dostlukly ýurduň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara giňişligindäki başlangyçlaryny we tekliplerini işjeň goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudaklary Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň