Belarusyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň Türkmenistandaky resmi wekili «Bilimli ädim» kompaniýasy Belarusyň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek babatda türkmenistanly dalaşgärlere giňişleýin hyzmatlary hödürleýär. Kompaniýa hünäri saýlamakdan başlap, okuwa girmäge çenli okuwa kabul edilmegiň ähli tapgyrlarynda doly goldaw berýär.
Belarusda okamak türkmen talyplary üçin köp sanly artykmaçlyklary özünde jemleýär. Belarus diplomlary Türkmenistanda, Ýewropada hem-de beýleki ýurtlarda ykrar edilýär, şonuň bilen birlikde hem okamak we ýaşaýyş üçin çykdajylar Russiýa ýa-da Ýewropa ýurtlary bilen deňeşdirilende, bu ýerde ep-esli amatlydyr. Mundan başga-da Belarus talyplaryň okaýan döwründe işlemeklerine we halkara kompaniýalarda geljegi uly zähmet ýoluny döretmeklerine mümkinçilik berýän, ýokary durmuş derejesi bolan howpsuz ýurt hökmünde bellidir.
Belarusyň «Bilimli ädim» bilen hyzmatdaşlyk edýän iň gowy uniwersitetleriniň hatarynda şulary bellemek bolar:
Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU)
Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIweRU)
Grodno döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GDLU)
Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BSMU)
Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti (GDU)
Ýewfrosiniýa Poloskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersiteti
Witebsk döwlet lukmançylyk uniwersiteti (WDLU)
«Bilimli ädim» dalaşgärlere uniwersiteti we hünäri saýlap almaga, ähli zerur resminamalary taýýarlamaga, onlaýn synaglary guramaga, okuw wizasyny almaga hem-de Belarusda ýerleşmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Şeýle hem okuwyň bütin dowamynda akademiki taýdan ýardam berýär.
Geçen üç ýyllyk işiniň dowamynda kompaniýa örän üstünlikli işlemek bilen, okuwa girmäge goldaw bermekde 98% oňyn netije gazandy. «Bilimli ädim» Belarusyň ýedi sany öňdebaryjy uniwersiteti bilen ýygjam hyzmatdaşlygy dowam etdirýär we uçurymlara işe ýerleşmekde hem goldaw berýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
- Aşgabat ş. (+993 64) 52 94 85;
- Balkanabat ş. (+993 63) 08 07 66;
- Türkmenbaşy ş. (+993 71) 33 53 92;
- Mary ş. (+993 71) 33 53 28;
- Daşoguz ş. (+993 62) 31 05 54;
- Köneürgenç ş. (+993 62) 31 08 63.
Salgylary:
- elektron poçta salgysy: bilimli.adim@gmail.com;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy;
- web saýty: www.hectm.com.