«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti aýna gurnamalaryny ýasamak we gurnamak boýunça giň gerimli hyzmatlary hödürleýär. Kompaniýa ýokary hilli PWH materialyndan we alýumin profillerinden penjireleri hem-de gapylary öndürmäge we gurnamaga ýöriteleşip, müşderileri ýaşaýyş hem söwda maksatlary üçin ygtybarly, estetiki çözgütler bilen üpjün edýär.
«Maksatly Türkmen» şeýle hem islendik interýeriň ajaýyp bezegi bolan alýumin çarçuwaly içki otagara gapylary hem hödürleýär. Bu ýerde müşderilere oňaýlylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin iň amatly düzüm böleklerini saýlamaga mümkinçilik berýän penjire we gapy furnituralarynyň giň toplumy elýeterlidir.
«Maksatly Türkmen» alýumin fasad lamellerini we alýumin kompozit panelleri hödürlemek bilen, stilli we funksional fasad çözgütlerini döretmekde hem ygtybarly hyzmatdaşdyr. Kompaniýa howpsuzlygy we estetikany üpjün etmek üçin poslamaýan polatdan we alýuminiden perilalary, şeýle hem pleksi perilalary hem-de aýnaly perilalary öndürýär we gurnaýar.
Ofis gurşawlary üçin bolsa «Maksatly Türkmen» kärhanasy alýuminiden ofis üçin aralyk bölme diwarlary, taplanan aýnadan aralyk bölme diwarlary hem-de alýumin çarçuwaly içki aýna gapylar ýaly önümleriň ýörite hataryny işläp taýýarlady.
Bulardan başga-da, kompaniýa balkonlary we lojiýalary aýna bilen örtmek, dürli hili — petleli we süýşýän gurluşly duş kabinalaryny gurnamak ýaly hyzmatlary hem ýerine ýetirýär.
Hödürlenýän hyzmatlaryň giň toplumy we ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hili «Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýetini aýna we beýleki gurnamalary ýasamak hem oturtmak bilen baglanyşykly islendik çylşyrymly taslamalary ýerine ýetirmekde ygtybarly hyzmatdaşa öwürýär.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 28-nji jaý;
- telefon belgileri: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: