Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýönekeý»: Hytaýyň uniwersitetlerine okuwa girmek — ýokary derejeli bilim almagyň ýoly

22:0018.04.2025
0
14858

Dünýäniň iň depginli ösýän ýurtlarynyň birinde ýokary hilli bilim almak isleýärsiňizmi? «Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň Pekin, Şanhaý, Uhan, Taýbeý, Hançžou, Nannin, Kunmin hem-de Dalýan ýaly 25 sany esasy iri şäherlerinde ýerleşýän öňdebaryjy uniwersitetlere girmekde hemmetaraplaýyn giňişleýin goldaw berýär.

Hytaýda okamagyň peýdaly taraplary:

Giň hünär ugurlary: Hytaý uniwersitetleri öz gyzyklanmalaryňyza laýyk gelýän hünäri saýlamaga mümkinçilik berýän dürli görnüşli bakalawr we magistratura maksatnamalaryny hödürleýärler.

Halkara derejede ykrar edilmegi: «Ýönekeý» bilen hyzmatdaşlyk edýän ähli uniwersitetler resmi reýestre girýär we olaryň diplomlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hem doly ykrar edilýär.

Hytaý dilini öwrenmek: Dil gurşawyna aralaşmak — bu diňe bir dil öwrenmek bilen çäklenmän, şonuň bilen birlikde Hytaýyň baý medeniýeti bilen hem tanyşmakdyr.

1-nji okuw ýylyndan okuwa başlamak mümkinçiligi: Iňlis dilini (TOEFL 75+, IELTS 6.0+, Duolingo 120+) ýa-da hytaý dilini (HSK4 180+) derejelerde bilýän talyplar okuwy gönümel birinji okuw ýylyndan başlap bilýärler.

Tomusky kabul edişlik: Munuň esasy aýratynlygy — giriş resminamalaryny tomus möwsüminde tabşyrmak mümkinçiligidir. Ol okuw ýylyny özüňe oňaýly görnüşde meýilleşdirmek üçin laýykdyr.

Hytaýdaky türkmen talyplary

Hytaýda okap bilim alýan türkmen talyplarynyň jemgyýetçiligi barha ösýär. HHR-de bilim almak Türkmenistanda we halkara zähmet bazarynda professional derejede ösmek we zähmet ýoluny gurup kämilleşdirmek babatda örän giň hem geljegi uly mümkinçilikleri açýar.

Okuwlaryň tölegleri, okuw maksatnamalary hem-de uniwersitetleriň aýratynlyklary barada has anyk maglumatlary almak üçin okuw.yonekey.com resmi portalyna girmek maslahat berilýär. Şeýle hem web saýtda okuwlaryň şäherleri barada maglumat materiallary, Hytaýda okap ýokary bilim almagyň aýratynlyklary barada webinaryň ýazgysy hem-de arza bermek elýeterlidir.

Portalda hasaba alnandan soň, kompaniýanyň hünärmenleri mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin her bir dalaşgär bilen gysga wagtyň içinde habarlaşarlar. «Ýönekeý» kompaniýasy okuw maksatnamasynda ýerleriň sanynyň çäklidigini we gyzyklanma bildirýän dalaşgärlere Hytaýyň uniwersitetlerine arzalaryny gijikdirmän tabşyrmagy teklip edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň