Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykda Beýik Britaniýanyň akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleri Türkmenistan bilen bilim babatda hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça başlangyçlaryny öňe sürdüler. Duşuşygyň dowamynda Britaniýanyň bilim maksatnamalaryny utgaşdyrmak, okatmagyň häzirki zaman okuw usulyýetlerini ulanmak we iňlis dilini öwrenmek mümkinçiliginiň gerimini giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, britan tarapy Türkmenistanyň halkara akademiki giňişlige has-da işjeň goşulmagyna goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Hususan-da, Türkmenistanda London uniwersitetiniň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maksatnamalaryň amala aşyrylmagy talyplara ýurduň çäginden çykman halkara derejesinde ykrar edilýän diplomlary almaga mümkinçilik döreder.
Londonyň öňdebaryjy kollejleriniň ýolbaşçylygynda şu aşakdaky ugurlar boýunça okuw meýilnamalary işlenip düzüldi:
• Kompýuter ylymlary (Goldsmiths, University of London) – sanly ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamak.
• Işewürligi dolandyrmak (Royal Holloway, University of London) – hususy we döwlet pudaklary üçin dolandyryjylary taýýarlamak.
• Hukuk öwreniş (Queen Mary, University of London) –hukuk boýunça halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak.
• Marketing (Royal Holloway, University of London) – marketing boýunça hünärmenleri taýýarlamak.
• Maliýe we buhgalteriýa hasabaty (London School of Economics and Political Science, LSE) – maliýe pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak.
Professor Dewid Beýkeriň (London uniwersiteti) çykyşynyň dowamynda wajyp meseleleriň hatarynda British Education Network (BEN) arkaly ýol açylýan mümkinçilikler barada aýdylyp geçildi.
BEN Britaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri birleşdirýän platforma bolup, häzirki zaman bilim tehnologiýalaryna giň elýeterliligiň bolmagyny üpjün edýär. BEN arkaly talyplar London uniwersitetiniň bilim maksatnamalary boýunça bilim alyp bilerler, bu bolsa olaryň akademiki we hünär ösüşindäki mümkinçiliklerini giňelder.
Duşuşygyň dowamynda London uniwersiteti barada giňişleýin maglumatlar berildi. Häzirki wagtda bu uniwersitetde 190 ýurtdan 210 000 talyp bilim alýar. 4 milliondan gowrak adam bu uniwersiteti tamamlap, hünärmen boldy, olardan 40 000 hukuk ugrundan (LLB) hünärmenlerdir.
London uniwersiteti dünýäniň 40 ýurdunyň 100-den gowrak uniwersitetiň hyzmatdaşy bolup durýar. Hyzmatdaş uniwersitetleri bilen hil gözegçiligiň yzygiderli monitoring ulgamy (Recognition Framework) ulanylýar. Onuň ulanylmagy hyzmatdaş uniwersitetlerde hem britan biliminiň ýokary standartlaryna laýyklygy gazanmagy üpjün edýär.
Britan tarapy hyzmatdaşlygyň düzümine şu aşakdakyklaryň girizilmeginiň hem mümkindigini belläp geçdi:
• Iňlis diliniň okadylyşyny goldamak, Türkmenistanda sertifikatlaşdyrylan IELTS we TOEFL synaglaryny guramak.
• Akademiki alşygynyň ösdürilmegi, bu bolsa mugallymlara we talyplara tejribe alyşmak üçin täze mümkinçiligi üpjün eder.
• Okuwyň çeýe görnüşleriniň, şol sanda onlaýn okuwlar we garyşyk okuw maksatnamalarynyň (blended learning) ulanylmagy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim babatda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gyzyklanmalarynyň bardygyny mälim etdiler.
Britan wekilleri London uniwersitetiniň bilim maksatnamalarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilmeginiň döwrebap, bäsdeşlige ukyply ýokary bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny bellediler. Ýakyn geljekde bu ugurdaky başlangyçlary durmuşa geçirilmegiň anyk mehanizmlerini işläp düzmäge gönükdirilen gepleşikleriň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.