Türkmenistanda Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda alnyp barylýan ylmy-barlaglarda gowaçanyň täze, inçe we orta süýümli sortlarynyň ýokary hasylly, süýüm çykymly gowy sortlaryny döretmegiň üstünde işlenilýär. Gowaçanyň hasylynyň 80 göterimi geçirilýän agrotehniki çärelere, galan 20 göterimi bolsa sortuň zandyna (genotipine) baglydyr. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Ylmy-barlag işleriniň netijesinde, gowaçanyň orta süýümli «Ýolöten — 54», «Ýolöten — 64» we inçe süýümli «Ýolöten — 58» hem-de «Ýolöten — 63» ýaly sortlary döredildi. Gowaçanyň orta süýümli «Ýolöten — 54» sorty Oba hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkeziniň Ahal, Mary we Lebap welaýatlaryndaky synag meýdançalarynda ekildi we ol nusgawy sortdan hasyllylygy, süýüminiň çykymy we hili boýunça gowy netije görkezdi. Şonuň üçin ol Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň 2022-nji ýylyň sentýabrynda çykaran degişli buýrugy esasynda, Ýolöten etrabynyň «Atçapar» daýhan birleşiginde önümçilik synagyna hödürlendi.
Habarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň degişli möwsüminde bu sort nusgawy sort bolan «Ýolöten — 39» bilen deň şertde deňeşdirilip, önümçilik synagyndan geçdi. Netijede, nusgawy sort bolan «Ýolöten — 39» ortaça her gektardan 37,7 sentner, «Ýolöten — 54» bolsa ondan 8,1 sentner artyk, ýagny her gektardan 45,8 sentner hasyl berdi. 2024-nji ýylda ýene-de şol daýhan birleşiginde 10 gektar meýdana «Ýolöten — 54» sorty nusgawy sort bolan «Ýolöten — 39» bilen deňeşdirmek üçin ekildi.
Şonda olaryň hasyllylygy deňeşdirilende, «Ýolöten — 39» her gektardan ortaça 37, «Ýolöten — 54» bolsa 38,1 sentnerden hasyl berdi. Iki ýylyň jemi boýunça «Ýolöten — 39» sortundan ortaça her gektardan 37,3, «Ýolöten — 54-den» bolsa 41,9 sentnerden hasyl alyndy. Şunda nusgawy sortdan ortaça 4,6 sentner ýokary görkeziji gazanyldy.
Şu ýyl «Ýolöten — 54» sortuny önümçilige ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 58» sortuny döretdik. Bu sort Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň bäsleşik sort-synag meýdançalarynda gowy netijeleri görkezip, 2022 — 2024-nji ýyllar aralygynda Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezinde synagdan geçdi. Ol Gökdepe sort-synag meýdançasynda 3 ýylda ortaça 32,5 sentnerden hasyl berdi. Nusgawy sort bolan «Ýolöten — 14» bolsa ortaça 31,8 sentnerden, ýagny «Ýolöten — 58-den» 0,7 sentner pes hasyl berdi. Mary sort-synag meýdançasynda nusgawy «Ýolöten — 14» sortundan 3 ýylyň dowamynda her gektardan ortaça 32,1 sentnerden hasyl alyndy. «Ýolöten — 58» sortundan bolsa ortaça 34,8 sentnerden hasyl alnyp, ol nusgawy sorta garanyňda, 2,6 sentner artyk boldy. Bu sorty şu ýyl önümçilikde synag etmek meýilleşdirilýär.
Bulardan başga-da, alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň netijesinde, gowaçanyň täze, inçe süýümli «Ýolöten — 63» we orta süýümli «Ýolöten — 64» sortlary döretdildi. Olar Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň ilkinji we bäsleşik sort-synag meýdançasynda nusgawy sortdan agrohojalyk alamatlary bilen tapawutlandy. Şonda gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 63» sorty inçe süýümli «Ýolöten — 14» nusgawy sorty bilen deňeşdirilip öwrenildi. Netijede, «Ýolöten — 63» sorty nusgawy «Ýolöten — 14» sortundan sowuk urýança hasyly 2 göterim artyk berildi we jemi 2,5 sentner köp pagta hasyly alyndy.
Orta süýümli «Ýolöten — 64» sorty orta süýümli nusgawy «Ýolöten — 7» sorty bilen deňeşdirildi. Alnan maglumatlaryň netijeleri boýunça «Ýolöten — 64» «Ýolöten — 7-den» sowuk urýança 1,8, umumylykda bolsa 2,2 sentner artyk hasyl berdi.
Gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 63» we orta süýümli «Ýolöten — 64» sortlarynyň geljegi bar diýlip, olar Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň döreden seljeriş topary tarapyndan synag üçin 2025-nji ýyldan Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezine hödürlendi.