Türkmenistanda umumy orta bilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin «Geometriýa» okuw kitaby neşir edildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen bu kitap G.Şadurdyýew, Ý.Abaýew, B.Beknazarow, A.Sapargeldiýewa dagy tarapyndan çapa taýýarlanylypdyr. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Täze kitap jemi üç bapdan ybarat bolup, onuň I baby köpgranlyklara, II baby aýlanma jisimlere, III baby bolsa köpgranlyklaryň we aýlanma jisimleriň göwrümine bagyşlanypdyr.
Kitapda her tema boýunça gysgadan anyk bolan degişli düşündirişler berilýär we gönükmeler esasynda ýumuşlar getirilýär. Ýumuşlaryň dogry jogaby kitabyň soňunda ýerleşdirilen.