Şu hepde Türkmenistandaky orta mekdeplerde fransuz dili olimpiadasy geçirilýär.
Fransiýanyň ilçisi Filip Merlin we Rumyniýanyň ilçisi Ion Nawal Aşgabat şäherindäki fransuz dilini öwretmäge ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde geçirilen ýyllyk diktantlary barladylar.
Diktantlara 1-nji we 11-nji synp aralygyndaky mekdep okuwçylary gatnaşdy.
Soňra çagalar myhmanlar üçin fransuz dilinde çykyş etdiler.
Olimpiada 2025-nji ýylda geçiriljek Frankofoniýa festiwalynyň çäginde «Türkmenistanda fransuz dilini öwretmäge 30 ýyl» mowzugy boýunça guraldy.
Fransofoniýanyň çägindäki wakalar mart aýynyň dowamynda bolup geçer diýlip, Aşgabatdaky Fransuz institutynyň metbugat gullugy habar berdi.