ABŞ-da «Citibank» maliýe edarasynyň işgäri ýalňyşyp, müşderiniň hasabyna 280 dollaryň deregine 81 trillion amerikan dollaryny geçirdi. «Financial Times» gazetiniň ýazmagyna görä, şübheli geçirimi iki işgär duýmady, diňe üçünji işgär aradan bir ýarym sagat geçenden soňra bildi.
Habarda geçirimiň bankyň içinde amala aşyrylandygy, şonuň üçin ýalňyşlygyň tiz düzedilendigi aýdylýar. Emma waka barada ýurduň Federal ätiýaçlyk ulgamyna hasabat ibermeli bolupdyr.
«Financial Times» gazetiniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl ABŞ-da şeýle ýagdaýlaryň 10-sy hasaba alnypdyr. 2023-nji ýylda milliardlarça dollarlyk pul serişdeleriniň müşderileriň hasaplaryna geçirilmegi bilen bagly ýalňyşlyklaryň 13 sanysy bolupdyr.