«New Shepard» kosmos gämisiniň nobatdaky ekipažynyň düzümine amerikaly aýdymçy zenan Keti Perri hem goşuldy diýip, «Blue Origin» kompaniýasy habar berdi.
Kompaniýanyň beýanatyna görä, uçuş taryhda özboluşly bolar, sebäbi onuň ähli agzalary zenanlardyr. Uçuş toparynyň düzüminde şeýle hem žurnalist zenan Loren Sançes, telegepleşikleri alyp baryjy Geýl King, kosmos boýunça hünärmen Eýşa Bou, bioastronawtika boýunça alym Amanda Nguen, prodýuser Keriann Flinn bar. Bu Walentina Tereşkowanyň 1963-nji ýyldaky äleme uçuşyndan bäri ilkinji zenanlaryň uçuşy bolar.
«New Shepard» kosmos gämisiniň anyk uçuş möhleti heniz belli däl. Bu «Blue Origin» kompaniýasy üçin eýýäm 11-nji işewürlik uçuşdyr. Mundan öňki uçuşlaryň onusynda maksatnama 52 adam gatnaşdy diýip, «vfokuse.mail.ru» ýazýar.