Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysynyň derwezeçisi CAFA-2025 çempionatynyň iň gowy derwezeçisi diýlip ykrar edildi

12:3917.02.2025
0
16747

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysynyň derwezeçisi Malika Eminowa Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) 2025-nji ýyldaky çempionatynda iň gowy derwezeçi diýlip ykrar edildi.

Duşanbede geçirilen sylag gowşuryş dabarasynyň dowamynda Malika Eminowa onuň mynasyp bolan şahsy sylagy gowşuryldy.

Eýranyň ýygyndysynyň hüjümçisi Maral Torkaman çempionatyň iň ähmiýetli oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ol ýaryşda 10 gol geçirip, CAFA-2025 çempionatynyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy. Gyrgyzystanyň ýygyndysy adalatly oýun geçirendigi üçin baýrak bilen sylaglandy (Fair Play).

CAFA-2025 çempionatynyň oýunlaryna türkmen hünärmenleri: FIFA-nyň eminleri Timur Ramazanow we Merjen Bagşyýewa, şeýle hem AFC-niň halkara instruktory/inspektory Wadim Baratow gatnaşyp, olar hem ýörite medallar bilen sylaglandylar.

Çempionatyň ýeňijisi yzly-yzyna dördünji gezek Eýranyň ýygyndysy (12 utuk) boldy. Eýranyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy Özbegistanyň (9:0), Gyrgyzystanyň (10:0), Türkmenistanyň (5:1) we Täjigistanyň (10:1) ýygyndylaryny uly hasap bilen ýeňmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň