Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan zenanlar futzal ýygyndylarynyň arasyndaky CAFA-2025 turnirinde Täjigistandan üstün çykdy

08:3813.02.2025
0
17482

Türkmenistanyň ýygyndysy Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionatynyň üçünji tapgyrynda Täjigistany 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Oýundaky ýeke-täk gol 12-nji minutda Türkmenistanyň ýygyndysynyň «Žalgirisde» çykyş edýän ýarymgoragçysy Maýa Musaskaýa tarapyndan derwezä gönükdirildi.

Tapgyryň beýleki oýnunda Eýranyň ýygyndysy Gyrgyzystandan 10:0 hasabynda üstün çykdy.

Ýaryşyň dördünji tapgyrynyň oýunlary 14-nji fewralda geçiriler. Şol gün Türkmenistan Eýran bilen, Özbegistan bolsa Täjigistan bilen oýnar.

Ýaryş aýlaw görnüşinde geçirilýär. Turniriň ýeňijisi utuklaryň sany boýunça kesgitleniler.

Üç tapgyrdan soňra Türkmenistan 4 utuk bilen ikinji orna göterildi. Birinji ýerdäki Eýranyň hasabynda 6, üçünji orundaky Gyrgyzystanda bolsa 4 utuk bar. Özbegistan 3 utuk bilen dördünji ýeri, heniz utuk gazanmadyk Täjigistan bolsa bäşinji ýeri eýeläp dur. Eýranyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýygyndylarynyň 1 oýun az geçirendiklerini bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň çempionaty indi dördünji gezek geçirilýär. 2022-nji ýylda esaslandyrylan bu ýaryş mundan ozal 2022-nji we 2024-nji ýyllarda Duşenbe şäherinde, 2023-nji ýylda bolsa Daşkentde geçirilipdi. Ozalky turnirleriň ählisinde Eýranyň zenanlar ýygyndysy çempion bolmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň