Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmagy tabşyrdy

12:5008.02.2025
0
52193

7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Amanowyň hasabatyny diňläp, türkmen döwletiniň alyp barýan energetika syýasatynyň netijesinde nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.
TDH-niň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany 2025-nji ýylda-da bu pudagy döwrebap derejede ilerletmek babatda zerur işleri geçirmegiň, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
«Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, bu taslamanyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, nebite baý ýataklary, geljegi uly hasaplanýan meýdançalary özleşdirmek möhümdir" diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet bermegi, uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan ýataklary gözlemek we barlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň, seýrek duş gelýän minerallaryň, ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag, nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini üstünlikli dowam etdirmegi, nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň