«Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelli bilen söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary we bu babatdaky mümkinçilikleri barada hem aýtdy.
«Euronews» telekompaniýasynyň habarçysynyň: «Bize Türkmenistanyň tebigy gazynyň çykarylýan möçberiniň artmagy we onuň bilen bagly meýilleriňiz barada-da gürrüň berip bilermisiňiz? Ýewropada gaz howpsuzlygyny üpjün etmekde Siziň bu işleriňiz esasy çözgüt bolup bilermi? Bu meseläniň geljegi barada nähili pikir edýärsiňiz?» diýen sowalyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Biziň ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Men ýene-de bir anyk mysaly getireýin: Türkmenistandaky «Galkynyş» käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Onuň gorlary tebigy gazyň 27,4 trillion kub metrine barabardyr.
Bu sanlar ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň energiýa bilen diňe özümizi däl-de, eýsem, sebitimizdäki we onuň çäklerinden daşardaky hyzmatdaşlarymyzyň hem isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär. Türkmenistandan gündogar, günorta we demirgazyk ugurlara gurlan hem-de üstünlikli işleýän esasy gaz geçirijiler muny doly tassyklaýar. Şular ýaly taslamalary diňe energetika serişdeleriniň zerur möçberlerine eýe bolan ýurt öňe sürüp biler — diýip jogap berdi.