Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmengaz» we «QazaqGaz» bilelikdäki işleri maslahatlaşdylar

17:4001.03.2025
0
21337
«Türkmengaz» we «QazaqGaz» bilelikdäki işleri maslahatlaşdylar
Surat: qazaqgaz.kz

Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen Gazagystanyň «QazaqGaz» milli kompaniýasynyň dolandyryş başlygy Sanjar Žarkeşowyň arasynda iş duşuşygy geçirildi. «QazaqGaz» milli kompaniýasynyň metbugat gullugy bu barada habar berdi.

28-nji fewralda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar bilelikdäki bilermenler toparynyň işini işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Hususan-da, türkmen gazynyň importy we geologiýa gözleg taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, bu duşuşyk ýokary derejede gazanylan strategik ylalaşyklaryň logiki dowamy boldy. Iki wekiliýet hem Türkmenistan bilen Gazagystanyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Bu babatda «Türkmengaz» we «QazaqGaz» kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

Ýeri gelende bellesek, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde «QazaqGaz» bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda gaz senagatyny ösdürmek boýunça strategik ylalaşyk baglaşylypdy. Bu resminama bilelikdäki taslamalar üçin täze mümkinçilikleri açyp, iki döwletiň global energetika bazaryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň