Garaşsyzlyk ýyllary içinde senagat taýdan özleşdirilip, tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlary uglewodorod çig mallarynyň çykarylyşyny durnukly artdyryp, hemişe öň hatarda bolmagyň hötdesinden gelýärler. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
2025-nji geçen ilkinji aýynda müdirlikde hereket edýän guýulardan alnan mawy ýangyjyň möçberi 273 million kub metrden hem köp boldy. Netijede, ýanwar aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnama 220 göterime barabar amal edildi. Meýilnamadan artyk çykarylan mawy ýangyjyň möçberi 150 million kub metre golaýlandy. Geçen aýda konserniň degişli müdirlikleri boýunça çykarylan tebigy gazyň ýaryndan köpüsi şu müdirligiň paýyna düşýär.
Çärýek asyra barabar wagt bäri hereket edýän müdirlik «Körpeje», «Çekişler», «Altyguýy» ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan gaz çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini birkemsiz ýola goýýar.
Habarda bellenilişi ýaly, körpejeli hünärmenler gürrüňi edilýän hasabat döwründe guýulardan alynýan gaz kondensatynyň hasabyna müňlerçe tonna nebit çig malyny taýýarlap, bu gymmatly önümi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugratmagy başardylar.