Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Yrak «SWAP» usuly arkaly gaz üpjünçiligini ara alyp maslahatlaşdy

08:4306.03.2025
0
11267

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani telefon arkaly söhbetdeşliginde Eýranyň üsti bilen türkmen gazyny Yraga ibermek bilen baglanyşykly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatyna berk eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýyl mundan ozal Türkmenistan bilen Yragyň gaz pudagynda bilelikdäki işlere girişendikleri hem-de her ýyl 10 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny goňşy Eýranyň çäginden “swap” usulynda Yraga ibermek boýunça düýpli ylalaşygyň gazanylandygy aýdyldy.

Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudani Yrak Respublikasynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, munuň üçin zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň