31-nji martdan 4-nji aprele çenli Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada Durnukly energetika baglanyşyklary» (SECCA) taslamasynyň bilermenleri we halkara maslahatçylary sapar bilen boldular.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleri we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada toplumlaýyn ýaşyl şäherleriň ösüşi» taslamasynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyklar geçirildi.
Tehniki taýdan kömek bermegiň çäklerinde SECCA-nyň bilermenleri energetika ministrligine «Elektrik desgalary ulanmakda howpsuzlyk çäreleri boýunça maslahatlar» atly ilkinji tehniki resminamany gowşurdylar.
Şeýle-de bilermenler Mary şäherindäki Döwlet energetika institutynyň täze binalarynyň gurluşyk meýdançasyna baryp gördüler we energiýa tygşytlylygy tehnologiýalary bilen tanyşdylar, şeýle-de gurluşyk tamamlanandan soň binanyň «Ýaşyl şahadatnama» almaklyk mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.