Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky Ýylan gaz käninde senagat taýdan ähmiýetli akymyny alyndy

11:2208.05.2025
0
17342

Türkmen gazçylary Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän gaz känlerindäki ulanyş-baha beriş guýularynda alnyp barlan burawlaýyş işleriniň netijesinde Ýylan gaz känindäki 03-nji ulanyş-baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli akymyny aldylar.

«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary guýynyň burawlaýyş işlerini 2875 metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar özlerine önümli gatlagyň 2847 — 2844 çuňlukdaky aralygyndan atyş-partladyş usuly arkaly deşik deşme bilen tebigy gazyň ýokary basyşly akymyny aldylar diýip, oilgas.gov.tm elektron gazeti ýazýar.

Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz arassa bolmagy bu ýatagyň «mawy ýangyjynyň» esasy aýratynlygydyr. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ulanyş-baha beriş guýusy her gije-gündizde 740 müň kub metr tebigy gaz berýär. Tebigy gazyň düzüminiň arassa bolmagy bu guýynyň «mawy ýangyjynyň» hili babatynda dünýä ölçegleriniň derejesine doly laýyk gelýänligini aňladýar. Bu gaz guýusynyň önüminiň ykdysady taýdan bähbidiniň ýokary boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň