Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasy tarapyndan sebitlerde ýerasty suwuň gözleg-barlag işleri geçirilýär

10:1608.05.2025
0
13962

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň ussat geologlary Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýerasty suwuň gözleg-barlag işlerini geçirýärler.

Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň ilkinji üç aýynda mehaniki sütünleýin burawlamak işleri meýilnamada bellenilen 6 müň 500 pogon metre derek 7 müň 148 pogon metr, şol sanda şertnamalaýyn işlerde 1 müň 171 pogon metr ýerine ýetirildi.

Türkmenistanda ýerasty suwuň goruny artdyrmak we Mary, Lebap welaýatlarynyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda Mary welaýatynyň çäginde «Zähmet», «Garabil», «Tärimli», «Töreşyh», «Kälçe», «Gündogar Baýramaly», «Günbatar Baýramaly», «Täze oba», «Sandykgaçy» meýdançalarynda, Lebap welaýatynda «Zähmetkeş», «Nazarym» meýdançalarynda buraw hem-de surata almak işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Gözleg, barlag hem-de hasaba alyş işleri ýerasty suwuň mukdaryny anyklamaga, düzümini, dolanyşygyny we hilini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin bu işler berk gözegçilikde saklanylýar.

Mary we Lebap welaýatlaryndan daşgary, buýurmalar esasynda, Ahal hem-de Balkan welaýatlarynyň çäklerinde tehniki hajatlar üçin ýerasty suwuň gözlegi, barlaglary, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýod-bromly suwuň gözleg işleri hem geçirilýär.

2025-nji ýylda geologiýa işleri meýilleşdirilen täze meýdançalardan Mary welaýatynyň çäginde «Hindiguş», «Mollanepes», «Çaşgyn», «Peşanaly» meýdançalaryny görkezmek bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň