Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Petronas» we «ADNOC» kompaniýalary bilen ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada şertnamalara gol çekdi

20:3414.05.2025
0
11268

«Türkmengaz» döwlet konserni Malaýziýanyň «Petronas» we ADNOC (BAE) kompaniýalary bilen Hazar deňziniň türkmen böleginde täze uglewodorod ýataklaryny bilelikde özleşdirmek barada şertnamalara gol çekdi. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew metbugat maslahatynda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bu şertnamada Hazar deňziniň türkmen böleginde täze nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek we peýdalanmak göz öňünde tutulýar, şeýle hem tebigy gazy satyn almak we satmak düzgünleri beýan edilýär.

Mundan başga-da, «Turkmennebit» döwlet konserni «Petronas» we «ADNOC» kompaniýalary bilen Hazar deňziniň türkmen böleginde goşmaça nebit ýataklaryny özleşdirmek maksady bilen şertnama baglaşdy. Bu barada konserniň ýolbaşçysy Guwanç Agajanow žurnalistlere habar berdi.

Metbugat maslahatynda täze ylalaşyklaryň Türkmenistanyň, Malaýziýanyň we BAE-niň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň netijesidigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň