Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin hasaba almak başlandy

11:1222.01.2025
0
42238

Kuala-Lumpurda 23-24-nji aprelde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyna (TEIF 2025) gatnaşyjylaryň hasaba alnyşy başlandy. Çärä OPEK, Bütindünýä banky, ÝTÖB ýaly iri halkara guramalaryň we maliýe institutlaryň, şeýle hem Petronas, TotalEnergies, ExxonMobil, Dragon Oil, ENI we beýleki öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy guraýar. Çärede ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şol sanda nebit-gaz pudagynda, energetikada, gurluşykda, ulagda we oba hojalygynda maýa goýum mümkinçilikleri görkeziler.

Forumda durnukly ösüş we ekologiki jogapkärçiligiň meselelerine aýratyn üns berler. Türkmenistanyň ýakynda COP 28 sammitinde Metan boýunça global ylalaşyga goşulandan soň, çäräni guraýjylar metan zyňyndylaryny azaltmak we durnukly energetikany ösdürmek meselelerine bagyşlanan ýörite mejlisi geçirmekligi meýilleşdirýärler.

Soňky gezek Parižde geçirilen TEIF 2024 forumy Türkmenistanyň energetika pudagynda wajyp ähmiýetli maýa goýum ylalaşyklaryna getiripdi. Guraýjylar çäräniň Kuala-Lumpurda geçirilmegi Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan maýa goýumlaryň artmagyna ýardam eder diýip umyt edýärler.

Forum hakynda giňişleýin maglumatlary çäräniň https://www.teif-turkmenistan.com resmi saýtyna girip ýa-da mailto:info@teif-turkmenistan.com elektron poçtasy arkaly habarlaşyp, alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň