Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersiteti 2016-njy yylda Turkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhammedow hut oziniň şeyle hem Yaponiyanyñ yorite toparynyň gatnasmagynda açylyp ulanylmana berildi. Uniwersitetimizde talyp yýaşlara Injener-tehnologiýa ugurlaryna degişli dersler bn bilelikde dasary ýurt dilleri iňlis we ýapon dili çunlasdyryp owredilyar.Dine bir Yapon dili dal eysem Yaponiýanyň medeniýeti ,ene dilimiz bolan türkmen dili bilen meňzeşlikleri talyp ýaslara iň täze dowrebap usullarda lingofon otaglarda öwredilyar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersiteti Tehniki iňlis we ýapon dilini öwretýän yörite hünär bar. Bu ugury okaýan talyp ýaşlar geljekde yokary derejede ýapon dilini medeniýetini bilýän hünärmenler edip ýetisdirilyar. Talyp ýaşlar Ýapon dili boýunça geçirilýän bäsleşiklere sergilere uly höwes bilen gatnasýarlar.
Turkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňden görüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde dünýäniň ösen döwletleriniň biri – Ýaponiýa bilen özara bähbitli, hoşniýetli, dostlukly, syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar barha giňeýär. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşmegi işewür adamlarda, hünärmenlerde, mugallymlarda, dilçi alymlarda, ýaşlarda ýapon dilini has düýpli öwrenmäge islegi artdyrýar. Häzirki döwürde Turkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhammedowyň tagallasy bilen Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dili hünär dili we ikinji dil hökmünde öwrenilip başlandy. Ýapon diliniň öwrenilişiniň netijeliligi we döwrebaplygy, ilki bilen, bu diliň sözleriniň dürs ýazylyşynyň we dogry aýdylyşynyň normalarynyň özleşdirilmegine baglydyr.
Ýapon dili Ýaponiýanyň döwlet dilidir. Ýapon dilinde 140 milliona golaý adam gepleýär. Ýapon dili altaý dil maşgalasynyň düzüminde bolup, ol grammatik gurluşy boýunça agglýutinatiw dile degişlidir. Ýapon ýazuwynyň häzirki zaman ulgamy dünýä dilleriniň arasynda iň çylşyrymlysy hasaplanylýar. Katakana we hiragana atly iki bogunly elipbiý esasynda öwrenilýän bu dilde 2000-e golaý iýeroglif bardyr. Ýapon dili hem agglýutinatiw diller maşgalasyna degişli bolsa‑da, onuň grammatik gurluşy türkmen dilinden tapawutlanýar. Türkmen diliniň käbir grammatik kategoriýalary ýapon dili üçin, tersine, ýapon diline häsiýetli käbir grammatik kategoriýalar türkmen diline mahsus däldir. Mysal üçin, ýapon dilinde stil taýdan tapawutlanýan «edeplilik derejesi» atlandyrylýan grammatik kategoriýa bolup, ol türkmen dilinde başga görnüşde (çalyşmalaryň, goşulmalaryň we äheňiň üsti bilen: Siz, görüň, görseňizläň we ş.m.) berilýär. Emma ýapon dilinde ol aýratyn sözler (ごらんになります[goranninarimasu] – görmek (sylag-hormat)みます[mimasu] – görmek (adaty gepleşik) ýaly) bilen 9 aňladylýar. «Edeplilik derejesi» işlik şekilleriniň hatarynda ulanylyp, aýratyn orun tutýar.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersitetiniň talyby Orazow Sazakbaý.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersitetiniň ýapon dili mugallymy Gullyýewa Gülbahar.