Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

SAGLYK ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞYDYR!

0
27

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş ulgamyny innowasion ýol bilen ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu işlere mynasyp goşant goşmakda biz lukmanlara uly ynam bildirilýär. Şoňa görä-de, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlaryň saglygyny goramak babatda hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, kämil  hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek, keselleriň öňüni almak saglygy goraýşyň baş ugry bolup durýar. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi bolsa, ilkinji nobatda, olaryň saglygynyň goralyşy we berkidilişi, ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ýaýbaňlandyrylyşy bilen kesgitlenilýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berk berjaý etmegiň nusgalyk ýörelgesini görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, bu ulgamy ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň işjeň agzasy hökmünde ýurdumyzda we bütin dünýäde adamlaryň saglygyny gorap saklamak, olaryň saglygyna we ömrüne howp salýan dürli nogsanlyklary aradan aýyrmak, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýar. Eziz Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde raýatlarymyzyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öndürilýän zerur derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary bilen bökdençsiz üpjün etmek ýola goýuldy. 2022-nji ýylyň fewral aýynda bolsa saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere bu maksatnamanyň çäklerinde çekýän tutanýerli zähmetine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy aýdylanlary doly tassyklaýar. Munuň özi bu abraýly halkara guramasynyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna beren ýokary bahasydyr. Şeýle hem saglyk ulgamynda amala aşyrylan özgertmeleriň netijesinde rejeli iýmitlenmek, azyk önümleriniň düzümi, olaryň ähmiýeti baradaky ilatyň düşünjeliligi ýokarlandyryldy. Bu babatda Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik mazmunly köp jiltlik kitaplary uly orna eýe boldy. Bu kitaplarda beýan edilen, türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň peýdaly häsiýetlerini çuňňur öwrenip, alym-hünärmenlerimiz täze melhemlik we derman serişdeleriniň üstünde işleýärler. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynyň işgärleri tarapyndan güýçli dermanlyk täsirine eýe bolan buýan köküniň düzümindäki glisirizin turşusy bilen baýlaşdyrylan azyk önümleriniň taýýarlanyşynyň işlenip düzülmegi sözümiziň aýdyň subutnamasydyr.

Beýik işler, belent maksatlar bilen täze üstünliklere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!

 

 

Ýazmuhammet Orazberdiýew
Myrat Garryýew adyndaky 
Tükmenistanyň döwlet lukmançylyk 
uniwersitetiniň mugallymy 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar