Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwrebap bilim — özgertmeleriň özeni

0
446

Berkarar döwletimizde ýaş nesle halkara derejede bilim-terbiýe bermek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, döwrebap usullary tejribä ornaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen ulgamy ýokary derejede ösdürmek esasynda ýurdumyzyň öňdebaryjy döwletleriň hataryndaky ornuny pugtalandyrmak öňde durýan esasy maksatlaryň biridir. 

Döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň, ilkinji nobatda, berk ylmy binýada, jemgyýetiň bilim mümkinçiliklerine daýanmagy «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegine, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine giň ýol açdy. Bu möhüm resminamalar giň gerime eýe bolan ylym-bilim özgertmeleriniň has kämil we täze hil derejesini üpjün edýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmagy maksat edinýän möhüm resminamalar mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet we halkara bilim standartlaryna laýyk getirýär. Şeýlelikde, ýaş nesillerimiz üçin öňdebaryjy döwrebap usullar, innowasion tehnologiýalar esasynda ylym-bilim almagyň täze tapgyry başlandy. Häzirki wagtda bilim maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmek, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler täze esaslarda has kämil häsiýete eýe bolýandygy bilen tapawutlanýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap okuw- -tehniki serişdeler, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler yzygiderli bina edilýär, mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpelere noutbuk kompýuterleri sowgat berilýär. 

Biz ylmy-tehniki ösüşleriň döwründe ýaşaýarys. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny innowasion esasda ösdürmek, önümçilige döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu bolsa ykdysadyýetden oňat baş çykarýan hünärmenleriň we bu ugurda ylmy esasda iş alyp barmaga ukyply ýaş alymlaryň kemala gelmegini gazanmagy talap edýär. Şonuň üçinem mekdep okuwçylaryna ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirip, hünär öwrenmek babatda uly ynam bildirilýär. Bir söz bilen aýdanyňda, şu günki ýaşlar ertirki gün döwrebap tehnologiýalardan doly baş çykarmaly hünärmenlerdir. Barha okgunly ösýän döwrüň bu talabyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ýylyň-ýylyna täze hünärler açylýar. 

Hawa, ajaýyp zamanamyzda ýaşlara berilýän ylym-bilim kämilleşdirilip, innowasion ösüş bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn alyp barmak esasynda ýaş alymlaryň ylmy işlere döredijilikli çemeleşmegini üpjün etmek boýunça hem alnyp barylýan işleriň netijesinde talyp ýaşlar alýan nazary bilimlerini ylmy çemeleşmeler arkaly berkidýärler, innowasion täzeliklerden habarly bolup, olary döwrebap özleşdirýärler. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzy senagat taýdan has-da ösdürmegiň esasy daýanç sütünleriniň biridir. 

Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlaryň kabul edilmegini esasy wezipeleriň biri hökmünde öňe sürýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň watansöýüjilik, belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi, olaryň ylma we hünäre höwesiniň artmagy hem-de mugallymlaryň öz hünär ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmaklary, okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň halkara tejribesini öwrenmekleri we ýaýratmaklary üçin ähli şertleri döredip berýär. 

«Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýär. Şonuň üçinem berkarar döwletimiziň bagtyýar nesilleri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara ölçeglere laýyk derejede çuňňur bilim-terbiýe almak baradaky pähimlerinden, sargytlaryndan we nesihatlaryndan ugur alyp, ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi özleriniň baş maksady hasaplaýarlar. Bu bolsa olaryň okuwdaky göreldeli ýetişiklerinde, dürli derejedäki halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerinde aýdyň görünýär. Ylym-bilim bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek bolsa mugallymlar üçin buýsançdyr.

 

Gülälek Sahatowa, 
Balkan welaýatynyň 
Gyzylarbat etrabynyň
 21-nji orta mekdebiniň 
mugallymy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar