Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, türkmeniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bütin dünýäde has-da giňden wagyz edilip, halkyň milliliginiň Ýer ýüzünde ýaýbaňlanmagyna getirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, şu ýyl bütinleý şahyryň döredijiligine bagyşlanyldy. Köpetdagyň eteginde şahyryň uzaklardan seleňläp görünýän beýik heýkeli we medeni-seýilgäh açyldy. Bu işler türkmen halkynyň taryhy şahsyýetlerine, aýratyn-da, ruhy gymmatlyklary, halkyň durmuş pelsepesini giňden wagyz eden merdana ogullaryna goýýan sarpasyny alamatlandyrdy.
Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli üstümizdäki ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygar bilen atlandyryldy. Halkyň bu ruhy mirasyna döwlet syýasatynda uly ähmiýet berilmeginiň özeninde Pyragynyň türkmen milliligini eserlerinde çuňňur many-maňzy bilen beýan edendigi, häzirki döwürde halkara giňişlikde ýurduň abraý-mertebesiniň beýgelmeginiň esasynda bolsa bu taryhy gymmatlyklaryň ornunyň uludygy durýar. Taryhy baý halkyň şu güni hem, ertiri hem baýdyr. Bu türkmen halkynyň mysalynda hem, sözüň doly manysynda, şeýledir. Bu tagallalaryň netijesinde bolsa, Magtymgulynyň pähim-paýhas ummany dünýä edebiýatyna merjen-dürlerini paýlaýar.
Ynsanlarda mukaddes duýgulary terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň eserleriniň hyzmaty örän uludyr. Dana şahyr öz eserleriniň üsti bilen gaýratlylyk, sahawatlylyk, halallyk, päklik, lebzi-halallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri öňe sürýär. Munuň özi nesillerde terbiýe sapaklaryny düzýär. Şahyryň milli şygyrlary ynsan durmuşynda uly ruhy güýç bolup durýar. Şygyrlarda öňe sürülýän pikirler, onuň ähmiýeti, netijesi durmuşda terbiýe ýoluny döredýär. Ýaşlara çuň bilim we hakyky, asylly, giň gözýetimli terbiýe bermekde şahyryň döredijiliginiň ähmiýeti örän uly. Adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, oňa estetiki lezzet berýän eserler sungatyň täsirli görnüşidir. Şahyryň şygyrlarynda durmuş wakalary, dürli hadysalary, adamlaryň özara gatnaşyklary, dürli hilli adam ahlagy beýan edilýär. Bu bolsa durmuşy öwrenmekde islendik adam üçin terbiýe mekdebi diýilse, ýalňyş bolmaz.
Goja taryhyň asyrlara barabar ýolunda türkmen halkynyň ençeme söz ussatlarynyň ýoly bar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlary her bir adamyň kalbynda milli ruhly duýgyny oýarýar. Onuň şygyrlary ruhubelentligi özünde jemläp, halkyň durmuşyndan söz açýar, ol nähili usulda ýazsa-da, ýaşaýşyň açaryny tapmaga çalyşýar. Magtymgulynyň şygyrlarynda millilik, milli ruh, milli duýgular ynsanyň adamkärçilik sypatlaryny kesgitleýär, ol şu hili alamatlary many-mazmunda ýüze çykarýar. Mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, tämizlik, kalby päklik, tebigata we onuň janly-jandarlaryna rehimlilik, ula-kiçä ýürekden hormat goýmaklyk, wepadarlyk, hoşniýetlilik, mylaýymlyk, pähim-parasatlylyk, salyhatlylyk, ähli şertde ynsanperwerligini saklamak häsiýetleri öňe sürýär. Şahyr milli däp-dessurlara uly sarpa goýmagy, adamkärçiligiň belent sypatlaryny ýüze çykarmagy, elbetde, munuň özi halkyň kalbynda milli buýsanjy döredýär.
Türkmen danasynyň özünden soňky nesillere galdyran edebi çeşmeleriniň gymmatyna, onuň uly terbiýeçilik ähmiýetine her bir setirine dogry düşünip okanyňda doly göz ýetirýärsiň. Çünki milletiň baky we dowamly ýaşaýşynda gadymyýetiň ruhy gymmatlyklary, ruhy gözellikleri özüniň manyly sahypasy bilen saklanyp galandyr. Adamzat dünýäsi olary kalbynda, aňynda eşrepi ýaly saklap, şu günlere ýetirýär. Şahyr edermenlik, batyrlyk, gahrymançylyk, erkinlik bilen asylly häsiýetleri bitewüleşdirýär, asylly ýollara çagyrýar.
Pyragynyň parasatly pähimleriniň milli güýjüniň, milli ruhunyň, öwüt-ündewleriniň belent-belent sepgitlerden ençeme menzil aşyp, şu günlere gelip ýetendigine örän buýsanýarys. Şahyryň şygyrlarynda Watan söýgüsiniň ägirt hem mizemezligi agzybirlik, jebislik bilen bitewüleşýär. Munuň özi ruhubelent duýgulary ynsan köňlüne doldurýar. Şygyrlaryň täsirli güýjüniň ýüze çykmagynda söz sungatynyň uly ähmiýeti bar. Çünki söz bilen emele gelen paýhaslar her bir ynsana özüniň maddy hem ruhy güýjüni eçilýär. Sözüň gudraty adamzat jemgyýetinde ynsan gatnaşyklarynyň hereketde bolýandygyny, ýaşaýandygyny, dowamat-dowamyny halkyň durmuş ykbalyny çözgütler hem netijeler bilen kesgitleýär.
Söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umumytürki diline esaslanýan türkmen milli edebi diliniň kemala gelmeginde bimöçber ähmiýete eýedir. Beýik şahyryň goşgularynda beýan edilýän pikirleriň ideýa-çeperçilik taýdan çuň, many-mazmun babatda çeper we täsirli bolmagyna onuň türkmen diliniň baýlyklaryny ussatlyk bilen ulanmagy mümkinçilik beripdir.
Şahyryň şygyrlarynyň düýp özeni adam mertebesine hormat goýmak, Watany, topragy söýmek, ata-enäni arzylamak, halal zähmetiň hözirini görkezýän adalatly jemgyýeti gurmak pikirlerinden gözbaş alýar. Munuň özi şygyrlarda milliligiň kämil nusgasyny aýdyňlaşdyrýar. Bu günki gün şahyryň arzuwlan zamanasynda onuň sarpasy belentden tutulýar. Onuň eserleri türkmeniň ruhy dünýäsini Ýer ýüzünde giňden wagyz edýän gymmatlyk hökmünde öwrenilýär. Oňa daşary ýurtly alymlaryň hem gyzyklanmasy artyp, şahyryň eserlerindäki pikir-duýgular türkmen halkynyň beýik taryha, beýik ahlak häsiýetlerine eýedigini, asyrlardan gözbaşly milliliginiň bardygyny äşgär edýär.