Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýagşylygyň nusgalyk göreldesi

0
192

Halypa mugallym, tejribeli bilim işgäri Gurbanmyrat Janyýew hakda

Daragt bir ýerde boý alýar. Ynsanyň ykbaly-da şeýle. Adam ogly bu durmuşa aglap gelse-de, diňe bagtly günleriň arzuwynda ýaşaýar. Şolaryň boljagyna hem ynanyp, yhlasly zähmet çekýär. Hawa, bu aýdylanlar sada bolsa-da, ählimiziň durmuşymyzyň özeninde, ömrümiziň maňyzynda galýar. Şonuň üçin bu durmuşda ÝAGŞYLYK diýen düşünje kemala getirilipdir, asyrlaryň pelsepesi bilen suwarlyp örboýuna galypdyr. Bu ýazgymda şol örboýuna galýan ýagşylyk daragtynyň ynsan görnüşindäkisi bolan halypa mugallym Gurbanmyrat Janyýew hakynda bilýänlerimi ýetirmek isleýärin.

Söz sungatyna muşdak, onuň bilen iş salyşýan adamyň ogly bolamsoň, geçen asyryň 90-njy ýyllarynda türkmen dili we edebiýaty hünärinden ýokary bilim aldym. Talyplyk ýyllarymdan bäri Bäherden sebitleri meniň ikinji mekanym diýsem ýalňyşmaryn. Bu ýerde ýyllykdaş we ýürekdeş egindeşlerim ýaşaýar. Şol sebäpden Gurbanmyrat mugallymy-da bassyr otuz ýyl bäri tanaýaryn. Syratly, salyhatly, geýen eşigi gelşip duran halypa bilen ilkinji gezek Durunda gabatlaşypdyk. Öz ömrüni halka hyzmat edip, il içinde uly hormata eýe bolan Gurbanmyrat mugallymyň gürrüňleri pert hem ýerlikli. Hoşgylawlygy bolsa gerek ýerinde elden bermeýär. Mugallymçylygyndan bolsa öwrenere juda zat kändi, tejribelik işlerini geçmek üçin dagy eline gelseň, Nobatguly Rejebowyň aýdyşy ýaly, «Ýeke minut dek durmaga jan durmazdy». Gaty zähmetsöýer hem talaphon adamdy. O döwürler sapakdaky görkezme esbaplary elde ýasardyk. Ilkinji görkezme esbaplary Gurbanmyrat mugallymyň elinde tejribelik işini geçýärkäk ýasap görüpdim. Bu meniň ýatlamalarymdan. Size onuň ömri baradaky maglumatlary hem ýetireýin.

Gurbanmyrat Janyýew 1947-nji ýylyň sentýabr aýynyň 28-ne häzirki Bäherden etrabynyň Durun obasynda doglupdyr. Orta mekdebi tamamlap, ilki Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. Ony üstünlikli tamamlap, etrabyň 4-nji orta mekdebinde sekiz ýyl yhlasly zähmet çekýär. Tutanýerli, erjel mugallym başarnygy, toplan tejribesi bilen Bäherden etrap bilim bölümine hünärmen saýlanylýar. 1974-1979-njy ýyllar aralygynda bolsa häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty fakultetiniň gaýbana bölüminde ýokary bilim alýar. Şondan soň Gurbanmyrat mugallym ýedi ýyllap Bäherden etrap bilim bölüminiň müdiri wezipesinde işleýär. Ýaş hünärmenleri, bilimli ýaşlary ýetişdirmekde, olara halypalyk maslahatlary bermekde kän işleri amala aşyrýar, tejribeli ýolbaşçy bolýar. Bu aýratynlyklary göz öňüne tutulyp, G.Janyýew 1987-1998-nji ýyllarda Bäherden etrabynyň Garagan obasyna arçyn hem saýlanylýar. Ol şol ýerde mülkdar bolup-da zähmet çekýär. Garaganda doglan şahyr Gara Seýitliýewiň «Kimde kim bir agaç ekse, ýadygär, Dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýişi ýaly, Gurbanmyrat mugallymyň ýagşylyk kitabynda-da, dünýäniň kitabynda-da ady bar. 

Bu onuň terjimehalyna degişli maglumatlaryň hemmesi däl. Ol Bäherden etrabynyň 4-nji orta mekdebine hem sekiz ýyl ýolbaşçylyk edýär. 2008-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli bolsa şol mekdepde ýagşylygyň nusgalyk göreldesini görkezip, mugallym bolup zähmet çekdi. Gurbanmyrat mugallymyň ömür kyssasy dag çynaryna çalym edýär. Onuň yhlas bilen okadyp ýetişdiren şägirtleri bolsa, şol daragtyň owaz edýän ýapraklary bolup, bu gün ýaş nesillerimize bilim-terbiýe berýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda halypa-şägirtlik mekdebine uly üns berilýär. Bu juda buýsandyryjy ýagdaý. Biz hem ýagşylygyň nusgalyk göreldesi bolan halypamyzy hormatlap, Aman Kekilowyň şu ajaýyp setirlerini dile getiresimiz gelýär:

«Mugallym, mugallym gör, ne gözel at,
Senden ylham alýar bütin adamzat»
Hawa, mugallym şägirt üçin hemişe ylham çeşmesi. Bu ol barka-da şeýle, soňam şeýle bolýar, hemişe-de şeýle bolar, elbetde.

 

Baýrammyrat AMAŞOW,
şahyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar