Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda medenýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda, sungata höwesli zehinli ýaş nesilleri ýüze çykarmak maksady bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, bu ugurdan höwesli nesilleriň has-da artmagyna giň mümkinçlik döredilýär.
Şu mümkinçiliklerden ugur alynyp golaýda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat Darganata etrap bölüminiň, Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň we jemgyýetçilik guramalaryň gurnaamagynda “Arzuwlan zamanyň geldi Pyragy” ady bilen ady agzalan sungat mekdebiniň okuwçylaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady akyldar şahyrymyzyň şekilini sungat eserlerine siňdirip, sungata höwesli nesilleri öňe çykaryp, öz hünärlerine söýgi döretmekden ybarat bolup durýar. Bu bäsleşige mekdebimiziň nakgaşçylyk bölüminde zähmet çekýän mugallymlar Nartäç Taçmuradowa, Arzuw Maksatbaýewa, Aýlar Tagandurdyýewa hem örän işeňňir gatnaşyp Magtymguly Pyragynyň sungat eserlerinden düzülen sergileri hem gurnadylar. Tomusky dynç alyş möwsümine garamazdan okuwçylar örän höwesli gatnaşyp, surat eserlerini hem ussatlyk bilen wasp etmegi başardylar. Bäsleşige jemi 10 okuwçy gatnaşyp olardan üçüsiniň eseri has-da tapawutlanyp ýeňiji boldular. Olardan Atjyýewa Leýli, Kurbanýazowa Akmeňli we Kuliýewa Dürdäne dagy öz eserlerine yhlas bilen söýgi siňdirip Magtymguly Pyragynyň şekilini ussatlyk bilen döretmegi başardylar we ýeňiji boldular.
Şu pursatdan bize okamana, döretmäge, saýlap alan hünärimizde zähmet çekmäne, ýaş nesiller üçin atalyk aladalary edýän Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza müň kerem alkyşlar aýdýarys. Goý, Arkadagymyzyň, Arkadagly gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklardan rowaçlyklara beslensin.
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Güller Muhamowa.