Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýekirlenler»: gurulmagy ilki oňlanmadyk 5 sany nusgawy bina

0
25066

Häzirki wagtda ajaýyp gymmatlyklar hasaplanýan köp sanly nusgawy binalar bir wagtlar hiç hili ähmiýet berilmän, tersine gurulmagy hem oňlanmandy. Olary gymmatdygy, aşa tagaşyksyz görlendigi hem-de däp-dessurlara laýyk gelmeýändigi üçin tankyt edipdiler.

Ilkibada jemgyýet tarapyndan şeýle ret edilen 5 sany meşhur binalary dykgatyňyza ýetirýäris.

Eýfel diňi — Fransiýanyň iň meşhur, tanalýan nyşanlaryndan biri. Häzirki wagtda ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär we her ýylda millionlarça jahankeşdäni özüne çekýär. Şeýle-de bolsa, 1889-njy ýylda gurluşygy tamamlanandan soň, onuň tankydy garaýyşlara uçranyny az adam bilýän bolsa gerek.

Parižlileriň köpüsi bu diňi taryhy şäher merkezinde gaty tagaşyksyz we ýerliksiz ýerleşdirilen bina hasaplapdyrlar. Ol barada «al kakmyş» hem-de «örän elhenç görünýän bina» diýen ýaly meňzetmeli sözleri aýdypdyrlar. Gi de Mopassan we Aleksandr Dýuma ýaly tanymal ýazyjylardyr sungat işgärleri diňiň gurulmagyna garşy çykypdyrlar.

Mopassan hemişe diýen ýaly diňiň birinji gatynda ýerleşýän restoranda naharlanar eken. Näme üçin beýle edýändigini soranlarynda, ýazyjy: «Bu Parižde Eýfel diňi görünmeýän ýeke-täk ýer» – diýip jogap beripdir.

1889-njy ýylda 300 sany sungat wekili diňiň ýykylmagyny talap edýän haýyşnama gol çekipdir. Emma olaryň haýyşy ýerine ýetirilmändir.

Surat: ru.wikipedia.org/Canaan

Sagrada Familia — Ispaniýanyň Barselona şäherindäki köşk bolup, Kataloniýanyň meşhur binagäri Antonio Gaudi tarapyndan bina edilipdir. Köşgüň gurluşygy 1882-nji ýylda başlanyp, şu güne çenli hem dowam edip gelýär. Gurluşygy 2030-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. «Sagrada Familianyň» gurluşygy haýyr-sahawatlaryň hasabyna maliýeleşdirilýändigi sebäpli haýal ösýär.

«Sagrada Familia» Mesihiň Doglan gününe, Mesihiň Hyjuwlaryna we Mesihiň Çokundyrylmagyna bagyşlanan üç sany fasaddan ybaratdyr.

Köşk Antoni Gaudi tarapyndan dünýäniň beýleki köşklerinde gaýtalanmaýan özboluşly stilde döredilipdir. Gaudi zehinli binagär bolupdyr, ýöne dizaýnlary köplenç täzelikçi we üýtgeşik häsiýeti özünde jemläpdir. Köşküň gurluşygy ýaňy başlanan mahaly, Barselonanyň ýaşaýjylary ony ynamsyzlyk bilen garşy alypdyrlar. Olar Gaudiniň gaty moda esaslanýan binagärdigini we taslamasynyň katolik buthanasynyň däplerine laýyk gelmeýändigini aýdyp, ondan  nägile bolupdyrlar. Hatda köşki «Ýer ýüzündäki iň samsyk bina» diýip hem atlandyran ekenler.

Bu günki günde Sagrada Familiýa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär we syýahatçylar tarapyndan iň bir gelim-gidimli syýahatçylyk nokady hasa p edilýär.

Surat: ru.wikipedia.org/Thomas Adams

Sidneý opera teatryna her ýylda, takmynan 2 million adam gelýär (3000-den gowrak görkeziliş), binanyň özüne bolsa 10 milliondan gowrak adam syýahat edýär.

Binanyň ýelkenli gämini ýada salýan özboluşly görnüşi daniýaly binagär Ýorn Utzon tarapyndan döredilipdir. Şeýle-de bolsa, bu çylşyrymly dizaýny Owe Arupyň inženerçilik zehininden üzňe göz öňüne getiribem bolmazdy. Olar hemişe jedelleşseler-de, Arup Ýorn Utzonyň hyýaly pikirlerine laýyk gelýän amaly çözgüt tapdy.

Teatryň gurluşygy 1959-njy ýylda başlanyp, 14 ýyl dowam etdi. Gurluşygy ilkibaşda dört ýylda tamamlamak meýilleşdirilipdi, ýöne taslamanyň çylşyrymlylygy, serişde ýetmezçiligi hem-de binagäriň çalyşmagy ýaly birnäçe şertler sebäpli gurluşyk ýyl-ýyldan yza süýşürildi.

Mundan başga-da, taslamanyň çykdajysy örän gymmat bolupdyr. Gurluşygyň başlangyç döwründe 7 million dollar çykdajy edilmegine garaşylýan bolsa, ahyrky netijede 100 million dollardan hem gowrak çykdajy edilipdir.

1973-nji ýylda teatryň ahyrsoňy açylyp, düşünişmezlik we halk tarapyndan garşylyk bildirme bilen garşylanandygy geň däldir.

Surat: ru.wikipedia.org/A.Savin

Arseniý Morozowyň köşgi. Uly baýlygyň mirasdüşeri Morozow geleňsiz hereketleri bilen tanalypdyr. Haçanda ol ejesi Warwara modern stilde köşk gurmagy niýet edendigini aýdan mahaly, ol örän geň galypdyr.

«Öň seniň samsykdygyňy diňe men bilýärdim welin, indi bütin Moskwa biler!» — diýip, käýinipdir.

Gurluşyk döwründe jaý şeýle bir köp tankyda we ýaňsylama sezewar bolupdyr welin, hatda Lew Tolstoý öz romanlarynyň birinde ony ýaňsylamak bilen, «samsyk we biderek adamyň köşgi» diýip atlandyrypdyr.

Muňa garamazdan, Arseniý tutanýerli bolupdyr. Ol Ýewropadaky syýahatlarynda gören modern arhitekturalaryna haýran galypdyr. 1895-nji ýylda Arseniý arhitektor Wiktor Mazyrine köşk gurmagy buýrupdyr. Onuň gurluşygy üç ýyl dowam edipdir.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň kabul ediş öýi —Arseniý Morozow köşgi Hökümet wekiliýetleriniň ýygnaklaryny, diplomatik gepleşikleri we halkara guramalaryň maslahatlaryny geçirmek üçin ulanylýar.

Surat: ru.wikipedia.org/Srikanthreddy Cherukupelli

Dünýäniň iň meşhur heýkellerinden biri bolan Azatlyk heýkeli birbada amerikalylaryň söýgüsini gazanyp bilmedi. Ol Amerikanyň esasy nyşany, Garaşsyzlyk gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Fransiýadan sowgat hökmünde getirildi.

Heýkel esasan haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna dikilipdir. Iki ýurduň hökümetleriniň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, amerikalylar postamentiň gurluşygyny, fransuzlar bolsa heýkeli öndürmek, eltip bermek we oturtmak işlerini öz üstlerine alypdyrlar. Haýyr-sahawat serişdelerini ýygnamak örän haýal bolupdyr. Fransuzlara heýkel üçin 400 000 dollar, amerikalylara bolsa 250 000 dollar gerek bolupdyr.

Heýkeliň gurulmagyna esasy garşy çykanlaryň biri hem «Nýu-Ýork Taýms» gazeti bolupdyr. Ol bu taslamany tankytlaýan makalalary yzygiderli çap edýär eken. Olaryň birinde gazet hatda heýkeli «bürünç aýal» diýip atlandyryp, hiç bir hakyky watançynyň beýle gurluşa pul harçlamak islemejekdigi barada ýazypdyrlar.

Bu tankytlara garamazdan, 1885-nji ýylda 350 bölege bölünen heýkel «Izere» fregaty tarapyndan ABŞ-a gowşurylypdyr. Heýkeli ýygnamak üçin işler dört aý dowam edipdir we ahyrsoňy 1886-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda açylypdyr.

Peýdalanylan çeşmeler: architecturalidea.com; www.cityexperiences.com; sports.ru; travel-russia.livejournal.com; ru.wikipedia.org

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar