Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Zenanlarda «ýitýän zehin» fenomeni: duýgularyň mümkinçiliklere täsiri

0
29298

Ylmy jemgyýetçilik bu sowal bilen örän köp ýyllardan bäri gyzyklanyp gelýär: näme üçin mekdep ýyllarynda ökde okaýan gyzlaryň aglabasy oglanlar bilen deňeşdirilende uly ýaşa ýetenlerinde garaşylýany ýaly gowy üstünlikleri gazanyp bilmeýärler? «Ýitýän zehin» diýlip atlandyrylýan bu ýagdaý köp sanly geçirilen barlaglaryň esasy mowzugy boldy.

Statistikanyň görkezişi ýaly, zehinli oglanlaryň we gyzlaryň sany doglan mahallary, takmynan, deňdir (100 we 111). Stenford-Bine intellekt ölçegine görä, gyzlar 16 ýaşa çenli oglanlardan zehin taýdan umuman öňe geçýärler. Şeýle-de bolsa, uly ýaşda bu ýagdaý tapawutlanýar: erkekleriň 14%-i we aýallaryň diňe 7%-i ýokary ylmy derejä eýe bolýar, aýallaryň 6%-i bilen deňeşdirilende erkekleriň 47%-i ýokary aýlykly işde işleýärler.

«Ýitýän zehin» näme?

Bu çagalykda akyl taýdan ýokary netije görkezýän zehinli gyzlaryň ulalan mahallary ukyplaryny ösdürmegi bes etmegi bilen bagly hadysadyr. Alymlaryň pikiriçe, esasy sebäpleriň biri aladanyň ýokarlanmagy bolup durýar.

Aladalar näme üçin üstünlige päsgel berýär?

Gyzlar beýni gurluşynyň özboluşly aýratynlygy boýunça köp zatlary birbada etmäge ukyply bolup, oglanlara garanyňda tebigaty taýdan has duýguçyldyrlar. Alada duýgusyna jogap berýän merkezleriniň üsti bilen nerw ýollarynyň ýygy-ýygydan işjeňleşmegi bu ýagdaýy dowam etdirip, täze bilimlere we üstünliklere bolan islegiň öňüni alyp bilýär.

Haçanda biz aladany başdan geçirenimizde, beýnimiziň käbir ýerleri işjeňleşýär, has takygy, başgaça aýdylanda beýleki möhüm prosesleri «togtadýar». Bu edil möhüm iş dowam edip duran mahaly kimdir biri «pauza» düwmesine basan ýalydyr.

Aladalar nireden gelýär?

Köpçüligiň garaşýan zatlary: Gyzlara köplenç öwrenmäge hyjuwly bolup, aň taýdan mümkinçiliklerini açmagyň deregine, asylly, edep-ekramly, örän tertipli we arassaçyl bolmagy öwredilýär.

Şowsuzlykdan gorkmak: Daş-töwerekdäkileriň garaşýan talaplaryny ödäp bilmezlik gorkusy maksatlaryňyza ýetmegiňiziň öňüni alyp biler.

Biologik aýratynlyklary: Alymlar gyzlaryň we oglanlaryň beýnileriniň az-kem üýtgeşik işleýändigini, bu ýagdaýyň stres hadysalaryna nähili täsir edýändigini anykladylar.

Gyzlara öz mümkinçiliklerini açmaga nädip kömek edip bolar?

Ygtybarly gurşawy döretmek. Gyzlaryň ýakynlarynyň goldawyny duýmagy we özlerine ynanmagy möhümdir.

Duýgy intellektini ösdürmek. Duýgularyňyzy dolandyrmagy öwrenmek üstünlik gazanmak üçin möhüm ussatlykdyr.

Bilesigelijiligi höweslendirmek. Öwrenmäge we täze bilimlere bolan gyzyklanmany kämilleşdirmek.

Stereotiplere garşy göreşmek. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny baradaky köpçülikleýin kabul edilen pikiri üýtgetmäge çalyşmak.

Peýdalanylan çeşme: www.kommersant.ru

Şeýle-de okaň:

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar