Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nädip çekinjeňligi ýeňip geçmeli we özüňe bolan ynamy artdyrmaly

0
1321

Köpimizi utanjaňlygyň özboluşly dereje, esasan-da gyzlar üçin wajyp häsiýetdigine ynandyryp terbiýelediler. Emma aslynda welin, çekijeňlik hakyky durmuşda köplenç halatda şahsy ösüş we özüňi kämilleşdirmek meselesinde çynlakaý böwet bolup, durmuşyň ähli ugurlarynda bize päsgelçilik döredýär.

Çekinjeňlik näme: kemçilikmi ýa-da goranyş mehanizmi?

Çekinjeňlik — munuň özi beýleki adamlar bilen gatnaşykda oňaýsyzlyk, dartgynlylyk we rahatsyzlyk duýgulary bilen häsiýetlendirilýän emosional ýagdaýdyr. Çekinjeňligiň dogabitdi zat däl-de, eýsem gorag psihologiki täsiridigine düşünmek zerurdyr. Bu adama päsgel berip biler ýa-da käbir ýagdaýlarda ony artykmaç ünsden ýa-da potensial howpdan gorap biler.

Näme üçin adamlarda çekinjeňlik döreýär?

Maşgala terbiýesi: has köp ideg ýa-da tersine, ene-atalaryň aşa tankyt etmegi çagada öz-özüne şübhelenmegiň ösmegine sebäp bolup bilýär. Beýleki çagalara garanyňda, yzygiderli käýinçler we deňeşdirmeler çaganyň şahsy başlangyçlaryny basyp ýatyrýar, peslik duýgusynyň döremegine sebäp bolýar.

Ýaramaz sosial tejribeler: Mekdepde başdan geçirilýän trawmatiki ýagdaýlar (deň-duşlaryň üstünden gülmek ýa-da köpçüligiň öňünde kemsidilmegi) adamda uzak wagtyň dowamynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan gorkuly bolmak duýgusyny döredip biler.

Özüňe kembaha garamak: öz gadyr-gymmatyňa bolan ynamyň ýoklugy köplenç beýlekiler tarapyndan ret edilmek ýa-da höküm edilmek gorkusyny döredýär. Adam hemişe-de gülkünç, başarnyksyz ýa-da şowsuz görünmekden gorkup gezýär.

Psihologiki täsirler: Ene-atanyň aýrylyşmagy, maşgaladaky ýygy goh-dawalar, ýa bolmasa-da ýakyn adamyň aradan çykmagy ýaly çynlakaý dartgynlylyk döredýän wakalar jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan gaça durmak häsiýetini döredip biler.

Häsiýetiň özbaşdak aýratynlyklary: introwersiýa dogabitdi baglylyk, duýgurlygyň we emosionallygyň ýokarlanmagy adamyň utanjaňlyk duýgusyny artdyryp biler.

Nädip adamlardan çekinmegi bes etmeli we özüňe has ynamly bolmaly?

Özüňe baha bermegiň üstünde işlemek. Öz gymmatly we özboluşly aýratynlygyňyz diýýän zadyňyzdan başlaň. Öz oňyn häsiýetleriňiziň, üstünlikleriňiziň we zehinli ukybyňyzyň sanawyny düzüň. Her gün güýçli taraplaryňyzy ýadyňa salyň,  oňyn tassyklamalary beriň. Ýörite depderçe ýöretmäge başlajak boluň, her günüň ahyrynda bolsa oňa gazanan üstünlikleriňizi, hatda iň kiçijik tapawutly gazanan netijäňiz bolsa hem ýazarsyňyz.

Kem-kemden rahatlyk zolagyň giňeldilmegi: özüňizi bir günde düýpgöter üýtgetmäge synanyşmaň. Kiçijik zatlardan başlaň: dükanda satyjy bilen gysgajyk söhbetdeşlik etmäge, köçedäki nätanyş birine ýylgyryş bilen garamaga ýa-da sosial torlarda gysgaça mazmunly teswir ýazmaga synanyşyň. Her bir üstünlikli sosial aragatnaşyk özüňe bolan ynamy ösdürmegiň ýolundaky kiçijik ýeňişdir.

Wizuallaşdyrma tehnikasy: Çylşyrymly sosial ýagdaýyň bosagasynda (mysal üçin, möhüm ýygnak ýa-da nätanyş adamlar bilen duşuşyk) kelläňizde göz öňüne getirip, onuň täsirli bir ssenarisini düzüň. Özüňizi asuda, ynamly we söhbetdeşlige ýakyn adam hökmünde görkeziň. Wizuallaşdyrma aladany azaltmaga we oňyn netijä gelmäge kömek edýär.

Içerki dialogyňyza gözegçilik etmek: kelläňizde ýüze çykýan negatiw pikirlere üns beriň we olary üýtgetmäge çalşyň. «Meniňki hiç başa barmaz» diýmegiň ýerine «Synanyşyp bir göreýin, hökman ýerine düşer» diýiň, «Maňa hiç kim düşünenok» diýmegiň ornuna bolsa — «Öz pikirimi düşündirjek bolaryn, olar meni diňlärler» diýip pikir ýöretseňiz has ýerlikli bolar. Içerki pikiriňizi tankytly  garaýyşdan goldaw we makullamak ýaly hyjuwly pikirlere tarap kem-kemden üýtgediň.

Fiziki işjeňlik we ynam: Adaty fiziki maşklar diňe bir beden taýdan sagdynlygy kadalaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem özüňe oňyn baha bermegi hem artdyrýar, şeýle-de bagtyň gormony hasaplanylýan — endorfiniň öndürilmegine ýardam edýär. Sport bilen meşgullanmak özüňi has-da güýçli we ynamly duýmaga kömek edýär. Bu bolsa, şübhesiz, sosial özüňizi alyp barşyňyzda aýdyň ýüze çykýar.

Professional psihologiki kömek: Çekinjeňlik durmuşyňyza böwet bolar ýaly derejede päsgelçilik berýän bolsa, professional psihologdan kömek soramaga hiç çekinmäň.

Özüňize ynamly bolmagyň — ösdürilip bilinjek we hökmany ýagdaýda ösdürilmeli başarnykdygyny ýatdan çykarmaň. Sabyrly boluň, rahatlyk ýagdaýyňyzdan çykmakdan, her bir kiçijik üstünligiňize ähmiýet bermekden hem-de maksadyňyza ýetmek üçin öňe tarap ädim ätmekden gorkmaň.

Peýdalanylan çeşme: vfokuse.mail.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar