Fleýtanyň iň gadymy görnüşi, megerem, tüýdük bolsa gerek. Tüýdük deşijeklerinde kem-kemden barmak üçin yşlar edilip, ýönekeý tüýdük üflenýän fleýta öwrülipdir. Türkmenistanyň prezidenti gahryman Arkadagly Serdarymyzyň "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" atly şygaryny goldap saz sungatynda-da ýaşlary terbiýelemekde uly işler geçirilýär.
Dik fleýta Musürde baryp bäş müň ýyl mundan öň bu hem belli bolupdyr. Şu günlerem Ýakyn Gündogarda esasy üflenip çalynýan saz guraly bolup durýar. Ol Ýewropada XV-XVII asyrlarda ginden yaýrapdyr. Dik fleýta özünde 5-6 barmak deşijeklerini jemläp, oktaw üflenmäge ukyplydyr. Ol bütin saz ses hatarlaryny bermek bilen, onuň içindäki aýratyn interwallar üýtgäp, barmaklaryň atanaklaýyn goýulmagy, deşijekleriň ýarysynyň ýapylmagy, şeýle hem demiň ugrunyň we güýjüníň üýtgedilmegi netijesinde dürli heňleri emele getirýär. Häzirki wagtda gadymy sazlar ýerine ýetirilende, bu seýrek ulanylýar.
5-6 barmak deşijekleri bolan kese fleýta Hytaýda azyndan 3 müň ýyl mundan öň, Hindistanda we Yaponiyada iki müň ýyl mundan öň belli bolupdyr. Ýewropada orta asyr döwründe, esasan, tuýdük görnüşindäki ýönekeý saz gurallary (blok-fleýtadan we flažoletadan öňküler) we kese fleýta ýaýrap, olar Merkezi Yewropa Gündogardan geçipdir.
XVII asyryň ahyrynda kese fleýta fransuz ussalary tarapyndan özgerdildi. Ol ussalaryň arasyndan Otteter saýlanyp, esasan, alty barmak deşijeklerine doly hromatiki ses hatarlaryny emele getirmek üçin, gapajyklary goşupdyr.
Özünde has-da labyzly ses bermek we ýokary tehniki mümkinçilikleri jemlemek bilen, kese fleýta yakyn wagtyň içinde dik (blok-fleýtany) fleytany aradan ayyrdy we XVIII asyryň ahyrynda simfoniki orkestrde we instrumental ansambllarda ymykly ýer aldy.
Uly barmak deşijeklerini ýerine yetirliş amatlyklaryna görä däl-de, akustiki prinsiplere görä ýerleşdirdi. Saz guralyny gapajyklar we halkalar ulgamy bilen enjamlaşdyrdy we bu saz guralyna 9 barmak arkaly 15-17 deşijekleri ýa-da saz guralynyň opsiýalaryna we ulgamyna baglylykda, has-da köp deşijekleri ýapmaga mümkinçilik döretdi. Sütüniň 1847-nji ýyla çenli ulanylan konusa garsy başyň deregine, konus parabolik şekili saýlamak arkaly, bölünmäniň silindrik kanalyny ulandy, bu bolsa äheni we dürli registrlerdäki seslenmäni özgertdi. Saz guralyny metaldan tayýarlady, bu agaç gural bilen deňeşdireninde, seslenmäniň owazlylygyny güýçlendirdi (Öňler agaçdan, aýnadan we pil süňkünden yasalan fleýtalar ulanylypdyr. Dürli materiallar bilen geçirilen tejribelerden soň, Býom in arassa sesi berýän kümüş bolup duryar diýen netijä gelýär, şol sebäpden kümüş has arzan okuwçy nusgalary ýasalanda, ergine goşulýar we has gymmat bahaly jokary kämil nusgalar ýasalanda, gyzyla we platina goşulyar). Yöne Býomuň esasy hyzmaty ähmiýetli gapajyk mehanizmiň kömegi bilen, fleýtada hromatiki gammany ýerine ýetirmäge we eserleriň hemme tonlarda ýerine ýetirilmegine döreden mümkinçiligidir.
Häzirki zaman orkestrlerde adaty uly fleýtany (onuň tembri dürli, yöne biraz sowugrak we sesiň güýji az), ýiti sesli kiçi fleýtany, seyrek alt fleýtany (tembri biraz ýyly) we has seýrek bass fleýtany (oktawasy pes bolan) ulanýarlar.
Maýa Kuliýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatyň fleýta mugallymy Akjeren Niýazowa.