Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy ösüşlere hem-de özgertmelere besläp, bedew badynda öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip nygtamak bilen, bu ugurda halkara derejede giň goldawa hem-de ykrarnama eýe bolýan umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bu hakykat ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen dabaralandy. Mejlisde habar berlişi ýaly,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanylýan hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýynyň örän ýokarydygynyň nobatdaky gezek aýdyň nyşany bolan bu Kararnamalaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň giň goldawa eýediginiň güwäsidir. Ägirt uly tebigy baýlyklara, barha berkeýän ykdysady kuwwata, dünýä hil derejesindäki ulag-aragatnaşyk ulgamyna eýe bolan we bu babatdaky mümkinçiliklerini umumadamzadyň bähbitlerine gönükdirmekde, dünýä jemgyýetçiliginiň energiýa meseleleri boýunça tagallalaryna goşant goşmakda hemmelere nusgalyk ýörelgeleri öňe sürýän döwletimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan şeýle Kararnamalaryň ozal hem dürli ýyllarda kabul edilendigini bellemek diýseň ýakymlydyr. Bilşimiz ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi we ol ýurdumyzyň halklaryň we döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ägirt uly ornunyň bardygyny görkezipdi. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmegi bolsa, bu hakykatyň ýene bir ýola ykrar edilmesi bolup dabaralanypdy. Hawa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzdan çar tarapa uzaýan awtoulag we howa ýollary, deňiz hem derýa, demir ýollary halkymyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýar. Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň arasynda ýerleşýän döwletimiz bu gün asudalygy, hoşniýetli we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen dünýä ýurtlarynyň, halkara guramalaryň arasynda belent abraýdan peýdalanýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi muny nobatdaky gezek görkezdi.
Uzukjemal Hojagulyýewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby