Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-belarus bilim hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

12:0527.05.2025
0
9303
Türkmen-belarus bilim hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: Orient.tm

26-njy maýda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Belarus Respublikasynyň bilim ministri Andreý Iwanes bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, türkmen talyplarynyň Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde boldy. Bu barada Türkmenistanyň Minsk şäherindäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Taraplar ýokary hilli bilimiň Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle hem bilim maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegi, türkmen talyplarynyň taýýarlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki alyş-çalyşlaryň giňeldilmegi boýunça özara gyzyklanma bildirildi.

Ilçi Nazarguly Şagulyýew 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belläp geçdi. Bu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem giňden belleniler. Ilçi bu şanly senelere bagyşlanyp Türkmenistanda birnäçe iri halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Belarus Respublikasynyň bilim ministri Andreý Iwanes öz gezeginde belarus tarapynyň Türkmenistanyň bilim başlangyçlaryny doly goldaýandygyny mälim etdi. Şeýle hem öňdebaryjy bilim usullaryny ornaşdyrmak, talyplar we mugallymlar üçin täze mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşdyrylmagynyň möhümdigini nygtady. Ministr A.Iwanes belarus tarapynyň bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň