Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowbu sapara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Merkezi Aziýa – Italiýa» formaty netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze ugurlary açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna 30-njy maýda Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyryljak saparyň Maksatnamasy hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany iki ýurduň köptaraply görnüşde hem hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çekip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki sammitiň möhüm ornuny belledi hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde aýdylyşy ýaly, Italiýa bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Iki ýurt syýasy-diplomatik ulgamda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden 8 Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biri bolup durýar.
Söwda-ykdysady ulgamda, işewür düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklar hem netijeli häsiýete eýedir. Italiýanyň birnäçe iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan we Italiýa medeni-ynsanperwer we arheologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki güne çenli 37 resminama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzýär.
Ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar döwletara dialogy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti 2009-njy we 2019-njy ýyllarda Italiýa Respublikasyna resmi saparlary, 2015-nji ýylda bolsa iş saparyny amala aşyrdy. 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi.