Sapaly tomusyň güneşi bize ýylylyk hem ýakymlylyk berse-de, onuň şöhleleri derimiz üçin howply täsirlere getirip bilýär. Ultramelewşe şöhlelenmä sezewar bolmak öýjükleriň DNK-syna zeper ýetirip biler, wagtyndan öň garramagy (fotogarraýyş), pigment tegmilleriniň peýda bolmagyny we hatda melanomanyň ösmegini döredip biler.
Nähili Gün şöhleleri derä howp salyp bilýär?
Gün şöhlesine dürli uzynlykdaky tolkunlar girýär: görünýän ýagtylyk (400 — 760 nm), ultramelewşe (290 — 400 nm) we infragyzyl (760 nm — 1 mm) radiasiýa. Deri üçin iň uly howp ultramelewşe şöhleleri arkaly ýüze çykýar:
UVB şöhleleri (gysga tolkunly radiasiýa): deriniň ýokarky gatlagyna (epidermis) täsir edip, güne ýanmagyna sebäp bolýar.
UVA şöhleleri (uzyn tolkun radiasiýasy): deriniň çuň gatlaklaryna aralaşyp, öýjükleriň DNK-syna zeper ýetirip, kollageni we elastini ýok edýär. Bu bolsa garramagyň tizleşmegini we deri düwnük töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.
SPF näme we ol nähili işleýär?
Günden goraýjy serişde (SPF) UVB şöhlelerini örtmek ukybyna eýedir.
Mysal üçin, Gün şöhlesine garşy kremsiz bedeniňiz 10 minutda Güne ýanyp başlaýan bolsa, SPF 30 serişdesini ulanan mahalyňyz bu wagt 30 esse, ýagny 300 minuda çenli (30 × 10) uzalar. Diýmek, munda gyzarma 5 sagatdan soň ýüze çykyp başlaýar.
SPF netijesi näçe ýokary bolsa, önüm UVB şöhlelerinden goramakda şonça täsirli bolýar. Şeýle-de bolsa, ýanaşyk SPF bahalarynyň arasyndaky gorag derejesindäki tapawudyň üýtgeşik däldigini we kem-kem azalýandygyny göz öňünde tutmalydyrys:
SPF 10 — UVB şöhleleriniň takmynan 90%-ini bloklaýar.
SPF 15 — takmynan 93% goragy üpjün edýär.
SPF 30 — UVB şöhleleriniň takmynan 97%-ni süzýär.
SPF 50 — UVB şöhleleriniň takmynan 98% -ini bloklaýar.
SPF 100 — takmynan 99% goragy üpjün edýär.
Iş ýüzünde Gün şöhlesiniň täsirliliginiň ulanylýan önümiň mukdaryna, paýlanyşynyň birmeňzeşligine we wagtynda täzelenmegine baglydygyna düşünmek möhümdir. Geçirilen ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, köp adam Gün şöhlesinden goraýjy kremi ýeterlik möçberde peýdalanmaýar. Bu bolsa ýokary SPF derejeli krem çalnanda hem gorag derejesiniň pes bolýandygyny görkezýär.
Güne garşy serişdeleri peýdalanmagyň düzgünleri
Serişdäni üns bilen saýlaň. Şäherde gündelik ulanmak ýa-da gysga gezelenç etmek üçin SPF 30 krem laýykdyr. Deňiz kenarynda dynç almak ýa-da daglarda gezelenç etmek üçin bolsa SPF 50 we ondan ýokary derejeli serişdeleri ulanmak maslahat berilýär.
Serişdäni öňünden ulanyň. Güne garşy serişdäni daşaryk çykmazdan 15 — 20 minut öňinçä ulanmak ýerliklidir. Ol bu wagt aralygynda derä siňip, ony netijeli goramaga başlar.
Mukdaryny gysganmaň. Uly ýaşly adam bir gezekde kremi azyndan 30 ml möçberde ulanmaly — bu takmynan alty çaý çemçesine deň bolýar. Kremiň deriniň ähli açylýan ýerlerine deň paýlanmagyna üns beriň.
Goragyňyzy yzygiderli täzeläň. Her iki sagatdan we ýüzmekden ýa-da köp derläniňizden soň, gün şöhlesine garşy kremi gaýtadan çalynyň.
Toplumlaýyn çemeleşmäni ulanyň. Hiç bir Güne garşy serişde gün şöhlelerinden 100% goragy üpjün etmeýär. Şonuň üçin günüň iň ýokary işjeň wagty (10:00-dan 16:00-a çenli) açyk Güne düşmezlige synanyşyň, mümkin bolsa kölegede bolup, eşik geýiň.
Ultramelewşe şöhleleriniň bulutly howada-da işjeňdigini we penjireden hem geçip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Gyş aýlarynda, esasanam, daglyk ýerlerde ultramelewşe şöhleleriniň intensiwligi garyň ýüzünden şöhlelenmegi sebäpli ýokarlanýar. Şonuň üçin deriniň goragy ýylyň islendik wagtynda zerurdyr.
Peýdalanylan çeşme: doctor.rambler.ru