Günorta koreýaly teatr, kino we telewideniýe aktýory, ikinji plandaky keşpleri bilen meşhurlyk gazanan Çhwe Çon U aradan çykdy. Bu barada aktýoryň işi bilen meşgullanýan «Bless ENT» agentligine salgylanýan «Koreaboo» neşiri habar berdi.
Artistiň ölüminiň sebäpleri aýdylmaýar.
Çhwe Çon U 1957-nji ýylda doguldy, fewralda onuň 68 ýaşy doldy. 1983-nji ýylda teatrda döredijilik ýoluna başlady.
1990-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap kinofilmlerde keşp döretdi. Çon Unuň iň meşhur keşpleriniň hatarynda «Aý», «Zamun», «Kkok Tunuň wagty», «Kanunyň agalygy», «Dumanda» ýaly onlarça filmler bar. Çhwe şeýle-de 1000-den gowrak doramada surata düşdi.