Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident Aşgabatda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak baradaky Karara gol çekdi

03:4330.05.2025
0
19887
Prezident Aşgabatda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak baradaky Karara gol çekdi
Surat: THP

Türkmenistanyň Bilim ministrligine Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň döwrebap binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşmaga, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde ýerleşdiriljek Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagyny gurnamak hem-de kitaphanany döwrebap sanly tehnologiýalar we enjamlar bilen enjamlaşdyrmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Onda gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we binany 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, häzirki zaman tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen kabul edildi.

Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda aýdylyşy ýaly, umumy meýdany 4 gektar boljak, şol sanda esasy binany, kitaphanany, sport, medeni çäreleri we oýun üçin meýdançalary hem-de tehniki binalary we desgalary öz içine aljak täze merkezde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna guruljak çagalar kitaphanasynda asman giňişligini synlamak üçin obserwatoriýa otagy gurnalar hem-de kitaphana döwrebap sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ýaş nesilleriň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmagy, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanmaga berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere ýurtda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek giň gerimli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy we hemmeleri bu baýram bilen gutlap, Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň