Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen aýakgaplary» kompaniýasynyň önümleri «Ak şäherim Aşgabat» sergisinde

11:4124.05.2025
0
7834

«Röwşen aýakgaplary» kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat» atly Halkara sergisine gatnaşmak bilen, öz önümleriniň giň görnüşlerini hödürleýär.

«Röwşen aýakgaplary» kompaniýasynyň diwarlygynda aşakdakylar görkezilýär:

Röwşen kids — biziň körpe neslimiziň rahatlygyny we howpsuzlygyny göz öňünde tutup, işlenip düzülen çagalar aýakgaplarynyň toplumy.

Rosamary — häzirki zaman dizaýny bilen amatlylygy birleşdirýän kaşaň hem nepis zenan aýakgaplarynyň tapgyry.

Röwşen Exclusive — ýokary hilli materiallaryň we modelleriň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan premium hatary.

Gadamly by Röwşen — işjeň durmuş ýörelgesi üçin niýetlenen we iň oňat goldawy üpjün edýän sport aýakgaplary.

Terrico — Ýewropa hil standartlary we iň soňky moda ugurlary göz öňünde tutulyp döredilen häzirki zaman erkek we zenan aýakgaplary.

«Röwşen aýakgaplary» diňe bir aýakgaplary öndürmeýär, eýsem islendik adam üçin aňrybaş rahatlygy we stili döredýär!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň