«Turkish Airlines» awiakompaniýasy türkmen paýtagtynda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergä gatnaşýar. Awiagatnadyjy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda syýahatçylygy hem-de işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge giň ýol açýan hyzmatlaryny we mümkinçiliklerini tanyşdyrdy.
Awiakompaniýanyň wekilleri serginiň dowamynda Aşgabatdan dünýäniň dürli künjeklerine uçýan ýolagçylar üçin gatnawlaryň Stambulyň üsti bilen amala aşyrylmagynyň örän amatlydygyny belläp, bu ýere gelen myhmanlary kompaniýanyň gatnawlar ulgamy bilen giňişleýin tanyşdyrýarlar. Şeýle hem kompaniýa özüniň premium-klass hyzmatlary we «Miles & Smiles» loýallyk programmasy baradaky maglumatlary ýetirýär.
«Turkish Airlines»-yň hünärmenleri Aşgabat şäheriniň Merkezi Aziýa sebitinde iň ösýän şäherleriň hatarynda durýandygyny bellediler.
«Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergi hem, däp bolşy ýaly, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan gatnaşyjylary barha özüne çekýär we Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygy, maýa goýum taslamalaryny ösdürmekde özboluşly meýdança bolup hyzmat edýär.