Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şweýsariýada asmanda «uçýan» sygyr gördüler

12:4324.05.2025
0
5146
Şweýsariýada asmanda «uçýan» sygyr gördüler
Surat: MIR 24

Şweýsariýada asmanda uçup barýan sygyr göründi, ony Alp daglaryndaky süýşgünlerde dikuçara daňyp halas etdiler. Bu barada «MIR 24» gürrüň berýär.

Süýşgünlerde jemi 26 sygyr halas edildi, emma olaryň hemmesi uçmady.

Asmanda diňe Loni lakamly sygyr uçdy. Kän şikes alansoň, ol özbaşdak ýöräp bilmeýärdi, şonuň üçin ony hakyky kino ýyldyzy ýaly, dikuçarda uçurdylar. Sygyrlar bilen bilelikde, howply zolakdan 190 goýun, 20 towşan we 300 töweregi adam göçürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň