Ýewropanyň uçar gatnawlaryny amala aşyrýan kompaniýalary eýýäm 2026-njy ýylda ýolagçylary aýak üstünde gatnadyp başlasalar gerek. Bu ugurda ýörite oturgyçlar hem taýýarlandy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berýär.
«Bu tygşytlamak maksady bilen döredilen taslama bolup, ol dynç alýanlaryň arasynda gapma-garşylyklary döretse gerek, emma käbir býujet awiakompaniýalaryň diňe durmak mümkin bolan oturgyçlaryň nusgalaryny girizmekçi bolýandyklary habar berilýär» diýlip, ady tutulan neşir ýazýar.
Ýumşak oturgyçlar bir görmäge welosiped tipli, bir görseň, at münmek üçin eýer görnüşde bolup, ol ýolagçylara egilmäge mümkinçilik berýär, emma onda doly oturmak mümkin däl. Olarda howpsuzlyk kemerleri-de göz öňünde tutulandyr.
Şeýle orunlar jemgyýetçilige öňdäki 2026-njy ýylda hödürlenip bilner, taslama «Aviointeriors» önümçilikçisi tarapyndan çap edildi. Kompaniýa täzeligiň ornaşdyrylmagynyň ýolagçy uçarlarynyň sygymyny 20 göterim artdyrjakdygyny ýazýar. Emma ýolagçy gatnadyjy kompaniýalaryň hiç biri-de şeýle maksatlary barada açyk habar bermedi.
Sosial torlarda bu pikir, esasan, tankydy seslenme döretdi. Internet ulanyjylar: «Golaý wagtda ýolagçylara kislorod örtük dakyp, uçaryň ganatyna hem daňyp başlarlar» diýip, kinaýaly ýazýarlar.