Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň prezidenti, doktor Abdulhamid Alhalifa bilen duşuşdy. Duşuşykda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada gaznanyň sosial ulgamdaky hasabynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy 1999-njy ýyldan bäri ulag, saglyk, suw we arassaçylyk ýaly möhüm pudaklarda özgertmeleri we taslamalary goldamakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär.
Türkmenistan bilen OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň arasynda 2024-nji ýylda giňişleýin bäş ýyllyk Ýol kartasyna gol çekildi. Ol Türkmenistanda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin bilelikdäki tagallalaryň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bu resminama telekommunikasiýa, saglygy goraýyş we bank ulgamlaryna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň bäş ýyllyk maksatlaryny özünde jemleýär. Şeýle-de onda daşky gurşawy goramagyň maliýeleşdirilmegine, zenanlaryň we ýaşlaryň ösüşine gönükdirilen kiçi we orta kärhanalary maliýeleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.