Tailandda pişigi polisiýa işgärini dişländigi üçin simwoliki görnüşde tussag etdiler. Gülküli waka barada «Mothership» neşirine salgylanýan «rg.ru» gürrüň berýär.
«Polisiýa ýiten pişigiň eýesini tapjak boldy, emma ol birnäçe poliseýi dişledi, bu bolsa, elbetde, ony tussag etmäge sebäp boldy» diýlip, habarda bellenýär.
Çap edilen fotosuratlarda poliseýleriň pişigi saklaýandyklary hem-de penje yzlaryny alýandyklary görünýär. Ondan soňra ony «gözenege» salýarlar.
Hakyky eýeleri tapylandan soňra pişikden ähli aýyplamalary aýyrdylar. Hossarlary «jenaýatçyny» öýlerine alyp gitdiler.