Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

HZG: Emeli aň Merkezi Aziýada millionlarça iş orunlaryna howp salyp biler

13:0923.05.2025
0
5322
HZG: Emeli aň Merkezi Aziýada millionlarça iş orunlaryna howp salyp biler
Surat: Kursiv

Emeli aň tutuş dünýäde 838 million iş ornuny özgerdip biler, bu bolsa planetanyň zähmet çekýän ýaşaýjylarynyň çärýek bölegine deňdir. Emeli aň iň uly täsiri Ýewropada we Merkezi Aziýada döreder, bu ýerde görkeziji 32 göterime ýa-da 136 million iş ornuna barabardyr. Şeýle görkezijileri Halkara Zähmet guramasy getirdi diýip, «Kommersant» neşirine salgylanýan «kz.kursiv.media» ýazýar.

HZG Polşanyň Ylmy-barlag instituty bilen bilelikde geçiren barlaglarynyň barşynda geljekde awtomatlaşdyryp boljak 2,5 müň hünäri we onuň ýerine ýetirýän işini öwrendi. Netijede, HZG-iň bahalandyrmasyna görä, ösen ýurtlarda EA iş orunlarynyň 34 göterimine galtaşar, girdejisi ortadan ýokary bolan ýurtlarda bu görkeziji 25, ortadan pes bolan ýurtlarda 20 göterime deň. Garyp ýurtlara EA-nyň täsiri düýbünden duýulmaz, ol iş orunlarynyň diňe 11 göterimine täsir eder.

Sebit babatda alnanda, Ýewropa we Merkezi Aziýa (32göterim) iň köp, Afrika bolsa iň az görkeziji görkezýärler (19 göterim). Şunda girdejisine we sebitine garamazdan, emeli aňyň täsiri aýratyn hem zenanlarda özüni bildirer diýip, guramada belleýärler. Mysal üçin, ösen ýurtlarda emeli aň zenan kärleriniň 41 göterimini, erkekleriň hünärleriniň bolsa 28 göterimini üýtgedýärler. Tutuş dünýä boýunça bu görkeziji degişlilikde, 28 we 21 göterimi düzýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň