Öňki sowet harby esgeri Sergeý Krasnoperowyň 40 ýyldan soňra Owganystandan watany Russiýa dolanandygyny habar beripdik. Ol ejesi bilen duşuşdy, ýurduň Kurgan oblastynda bolan tolgundyryjy duşuşygyň wideosyny RT teleýaýlymy çap etdi diýip, «rg.ru» habar berdi.
Duşuşyk wagty ýaşy 80-den aňryny sermeläp ýören ene duýgusyna zordan erk etdi we ogluna ýüzlenip: «Gel, bagryma bir basaýyn, balam» diýdi.
Owganystanda ýesir düşüp, yslam dinini kabul edensoň, adyny Nurmomad diýip üýtgeden Sergeý Krasnoperow hemişe watany barada arzuw edendigini gürrüň berdi. Ol Owganystanda ýerli gyza öýlenip, maşgala gurdy. Häzir 60 ýaşly russiýaly Owganystanda 41 ýylyny ötürdi.